Singapur nakyllary
Akyllam, akmagam ukusyz ýaşap bilmez.
Ala sygryňam süýdi ak.
Almaz almaz bilen kesiler.
Altyny peçe atsaňam, reňkini üýtgetmez.
Aýal — öýüň iň gowy bezegi.
Çeni bilen iýseň, dok bolarsyň.
Derýany ýüzüp geçene howdanyň howpy ýok.
Dokmaçy nähili bolsa, matasy hem şonuňýalydyr.
Ähli görünýän zatlar hemişelik däldir.
Gahrymany ýeňişdöredýär.
Garga üçin çagasy tylladan ýasalan ýalydyr.
Hakykatyňgüýçsüz ýerinde ýalan söz kömek etmez.
Haşal otuňam peýdasy bardyr.
Her bir ýylpyldaýan zat tylla däldir.
Her kimem bir gezek ýalan sözländir.
Köp aglaýan çaga köp süýt emer.
Lukman özüni bejermez.
Oduňhaýsy tarapyndan barsaňam, ahyry ýakar.
Oglam enesine görä bolar.
Öýlenmekçi bolsaň, gelinligiňejesini tana.
Pamyk ot bilen oňuşmaz.
Pişige — oýun, syçana — jebir.
Sebäpsiz gamgynlyk bolmaz.
Suw aşak akar.
Sygyr satyn aljak bolsaň, onuňsüýdüni dadyp gör.
Tüsse bar ýerinde ot bardyr.
Un tapylsa, gyzzyrma bolar.

Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir