“Volvo” sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar

Şwesiýanyň “Volvo” kompaniýasy “Autoliv” şereketi bilen bilelikde sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar. Munuň üçin iki kompaniýanyň bilelikde döreden “Zenuity” şereketi Ýewropanyň ýadro barlaglary guramasy (CERN) bilen bilelikde işlemegi maksat edinýär. Ägirt uly ýerasty laboratoriýa bolan CERN Ýewropa Bileleşigine bagly 23 ýurduň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işledilýär. “Zenuity” şereketi sürüjisiz ulaglar sebäpli ýüze çykjak ägirt uly maglumat gory babatda hyzmatdaşlyk eder. Maglumatlary gysga wagtda seljerip bilýän awtoulaglar has ygtybarly bolup, heläkçiligiň öňi alnar.

Tehnologiýa, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir