Dişleriň çykyşy.
Dişler eneden bolan çagada, ol 6-7 aýlyk
bolanda çykyp başlaýar. İlki bilen aşaky ortaky iki sany kesiji dişler
çykýar. Çaga 7-8 aýlyk bolanda ýokarky ortaky iki sany kesiji dişleri
çykýar. Ol 8-9 aýlyk bolanda ýokarky beýleki iki kesiji dişler çykýar.
Çaga 10-12 aý bolanda aşaky äňde ýene-de iki sany kesiji dişler
çykýar. Çaga bir ýaşanda onuň aşaky we ýokarky äňlerinde dörtdörtden dişler bolýar. 12-15 aýlyk çaga-da ýokarky we aşaky äňlerde
iki-ikiden öňki kiçi azy dişleri çykýarlar. Çaga 18-20 aý bolanda oňa
aňňy (gyýak) dişleri çykýar. Ol 20-24 aýa ýetende yzky kiçi azylar
çykýarlar. İki ýaşly çagada 20 sany diş bolýar. Bu dişlere, olar süýt
emilýän döwürde bolýanlyklary sebäpli süýt dişleri, çalşynýanlygy
sebäpli bolsa wagtlaýyn dişler diýilýär. Süýt dişleri 6 ýaşdan 12-14
ýaşa çenli aralykda mydamalyk dişler bilen çalşylýarlar. İň yzky
esasy, uly azy dişleri (olar 12 sany) adam 18-25 ýaşanda çykýarlar.
Bu döwürde adamynyň akyly durlanýanlygy sebäpli bu azy dişlerine
başgaça akyl dişleri diýilýär.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir