Ejeme.

Sözüň süýji,mähir doly ýüziňde,
Dünýede,sen deý mähriban adam ýok.
Eje,elleriňde jady bar ýaly,
Seniň tagamlaňdan doýup bolonok.

Eje,goý çalarsa çalarsyn başyň,
Kümiş saçlaň,bezeg berýär ýüziňe.
Ogyl,gyz agtykdan doldyryp daşyp,
Gül mydama ýaş dolmasyn göziňe.

Meň ýazasym geldi...

Dowamy »

571 1
Edebiýat, 3 years ago


Gidiwerjekmi.

Näme indi,şeýdip gidiwerjekmi,
Hany,nirede seň,wepadarlygyň.
Dymmasana,näme bileňokmy sen,
Sensiz maňa bu dünýäniň darlygyn.

Näme indi,şeýdip gidiwerjekmi,
Bilseňde,her demde saňa zarlygym.
Nämä dymýaň,bilýäň,bilýäňä meni,
Ýaşadýanyny bir seniň barlygyň.

Näme indi,şeýdip gidiw...

Dowamy »

591 1
Edebiýat, 3 years ago


Bäbekhanada bolan hakykat.

Bäbekhanaň agzy jagulda jugyl,
Her kim şatlanýardy,her kim gülýärdi.
Elleri bäbekli gözel gelinler,
Gapydan gezegne çykyp gelýärdi.

Elleri bägülli juwan ýigitler,
Ylgap baryp,gelinlerniň ýanyna.
Ellerine alyp bäbejiklerin,
Ysgap ogşap basýardylar bagryna.

Soňra gelinlerne gülle...

Dowamy »

680 3
Edebiýat, 3 years ago


Men bilmedim ýa sen,ýa men günäli.

Ikimiziň ýanmagmyza otlarda,
Men bilmedim ýa sen,ýa men günäli.
Güzün ýaşly,gezmegiňe ýatlarda,
Men bilmedim ýa sen,ýa men günäli.

Kim böwet bolduka gowuşmagmyza,
Dogry ýolumyzdan azaşmagmyza.
Ajy aýralyga sataşmagmyza,
Men bilmedim,ýa sen,ýa men günäli.

Unutmaly,bagtly günleň...

Dowamy »

548 2
Edebiýat, 3 years ago


Iň eziz adam.

Gujaklap öp meni,ýanyňa barsam,
Dar gursak giiňeýär gül ýüziň görsem.

Bu dünýäde,ýokdyr taýyň hem deňiň,
Durmuşymy bezär,barlygyň seniň.

Işimde gollow sen,hem güýç sen maňa,
Iň bir,süýji sözlem ýekeje saňa.

Ýollaryma ýagtylyk sen her gije,
Sen maňa iň eziz,adamsyň Eje.

Dowamy »

638 7
Edebiýat, 3 years ago


Bagt.

Ir bilen turarsyň,gidersiň işe
Gün uzyn,işlärsiň dökip deriňi.
Ýadap,öýe gelseň göwniň açylar,
Göreňde,ýylgyryp duran periňi.

Soňra,çagajyklaň"Kakada kaka,"
Diyip,ylgaşypjyk geler ýanyňa.
Şol pursatlar,iň bir süyji pursatlar,
Ýadawlygyň asla,duşmez ýadyňa.

Görüp ýörkäň,çagajykl...

Dowamy »

659 2
Edebiýat, 3 years ago


Maňa degen üç şarpyk.

Bäş ýaşymda,şarpyk çalypdy Ejem,
Şol birinji,soňky şarpyk bolypdy.
Şonda sojap aglajak bolan wagtym,
Ejem gözin ýaşlap,ilki aglapdy

On ýaşymda,şarpyk çalypdy Kakam,
Şol birinji,soňky şarpyk bolypdy.
Awanynda şarpygyň degen ýeri,
Kakamyň ýüregi,beter awapdy.

Durmyş,şarpyk çaldy...

Dowamy »

749 10
Edebiýat, 3 years ago


Bagşla bilseň bagşlap.

Ýol üstünde,sataşdyk biz tötänden,
Aljyradyk seredip bir birege.
Biz ýenede,ýara saldyk täzeden,
Ýanja bir,ýarasy biten ýürege.

Gürleşdik,oturdyk geçeni ýatlap,
Ýatlamaklyk,näçe agyr düşsede.
Nätjek,il gözüne gülmeli bolýas,
Ýüregimiz,otda ýanyp bişsede.

Ýuwaş,ýuwaş gürlemäňi g...

Dowamy »

542 0
Edebiýat, 3 years ago


Senden aýrylsamam, aýryldym welin.

Senden aýrylsamam,aýryldym welin,
Ýatsam düýşde görýän,seni küýseýän.
Gezsemem gezip,ýörendirin welin,
Çenden aşa seň mähriňe suwsaýan.

Senden aýrylsamam,aýryldym welin,
Ýaşan günlerimde görmedim many.
Görip otursam,sen gideliň bäri,
Şatlygyny ýitiren eken pany.

Senden aýrylsa...

Dowamy »

534 0
Edebiýat, 3 years ago


Sakla

Parahat ýurdymda gülip gezeýin
Duşmanlary ýaman pilinden sakla
Entek saňa bergim bar meň üzeýin
O dünýä bergili gitmekden sakla

Bir ýigide gaýyn bolyp ýaşaýyn
Ýeke güle maýyl bolyp ýaşaýyn
Öz hakyma kaýyl bolyp ýaşaýyn
Kişiniň hakyny iýmekden sakla

Görogly et duşman gelse darga...

Dowamy »

627 14
Edebiýat, 3 years ago


Jan Eje

Bagtlydym sen barkaň meniň ýanymda
Sen gideň son jewir çekyan her gije
Dolonsono dolonaýda yzyňa
Sensizlikde men ýalňyza jan Eje

Geçmiş bolup galan süýji günleri
Ýatlap oturasym gelýär bileje
Wah ýöne sen menden juda uzakda
Maňa seň mähriň ýetenok jan Eje

Bir zat alyp bolýan bo...

Dowamy »

607 6
Edebiýat, 3 years ago


Göwni ýetmezçilik etme

Göwni ýetmezçilk edip pyňkyrmaň
Bir adam öz söýýän işini etse
Gaýta gollow berip kömek et oňa
Bile begen arzuwlaryna ýetse

Her kim munda ýuwaş ýuwaş galmaly
Üstilige birden ýeten adam ýok
Dogry gowşak gelýändir meň setirlem
,,Men şahyr ""diýip döşime kakamok

Isläňokmy goý okama...

Dowamy »

753 23
Edebiýat, 3 years ago


Nädip ýaşaryn sensiz

Belli bir kara gelmänkäň oýlan
Soňky göz ýaşlaryň bolar dereksiz
Heniz meň ýanymdan gitmänkäň oýlan
Pikir et men nädip ýaşaryn sensiz

Söýgi ummanynyň tolkunlarynda
Gaýygymy goýma gülim kürsiz
Ýekelikde ýalňyz galaýsam munda
Pikir et men nädip ýaşaryn sesiz

Eginime müner hasrata...

Dowamy »

616 6
Edebiýat, 3 years ago


Beýle seretme

Ýalwarýan men saňa beýle seretme
Gözleň ok deý içimden geçip barýar
Bu bolýan zatlara şat dälä menem
Meniňem ýüregim otlarda ýanýar

Ýalbarýan men saňa beýle seretme
Garaýşyň akdyrýa gözden ýaşymy
Men nädeýin edip bilýän zadym ýok
Otyryn gyrada tutyp başymy

Ýalbarýaryn maňa beýl...

Dowamy »

593 4
Edebiýat, 3 years ago


!!!!!

salam hemmä

Dowamy »

590 4
Sorag-jogap, 3 years ago


Durmys ýollary Agzalan kabirinin hayysty boyynça

Durmyş kime süýji kemede ajy
Durmyş kime gözel kime görmeksiz
Bu durmyşyň synagy kän oýny kän
Durmuşyň ýollary bolmaz bürmeksiz

Durmyş ýoly näçe kyn bolsa bolsyn
Ýöräber ugryňa çykmada ilden
Şol ýollarda ejizlige ýol berseň
Durmyş seni ýykar tutarda bilden

Durmyş ýoly garaňkydy...

Dowamy »

589 1
Edebiýat, 3 years ago


Herkim oz karinden rysgalyn tapsyn

Gynanmasyn gyýylmasyn köýmesin
Aýrylmasyn aşyklar bir birinden
Hiç bir adam gözýaş dökip gezmesin
Aýra düşip watanyndan ilinden

Pilin alyp derin dökip meýdanda
Işlän daýhan rysgal tapsyn ýerinden
Erwet niýetleri erwet zatlary
Adam ogly aýyrsyn öz serinden

Her kim öz kärinden ry...

Dowamy »

597 6
Edebiýat, 3 years ago


!!!!!

salam hemma

Dowamy »

589 8
Sorag-jogap, 3 years ago


Durmuşda

Durmuş hakda seň düşinjäň başgadyr
Pikir edişiňden kyndyr bu durmuş
Bir ýüz bardyr öýtmegin her adamda
Seniň görüşiňden kändirle görnüş

Köp adamlar ýüzlerini üýtgeder
Hamala dükanda satylýan ýaly
,,Hany olar’’ diýip menden sorama
Durmuş olar ýaly adamdan doly

Şir bolsaňda ýeke...

Dowamy »

572 2
Edebiýat, 3 years ago


Hormatly talyplar.com agzalary size hayyst we yuzlenme

salam talyplar.com agzalary men sizin taze agzanyz.duybi gowsajyk yany ekilen nahal yaly menem yany dorap gelyan sahyr.men sizin meni gollap her bir goyan gosgylaryma oz pikirlerinizi aydyp yalnysyma yalnys diyip yalnyslarymy tapmaga we duzetmage komek bermegnizi talyplar.com agzalaryndan hayys edyarin.siznem islan temanyzdaky gosgulary yazmak ucin...

Dowamy »

633 6
Sorag-jogap, 3 years ago


Göwnim bu durmyşdan köp zat islänok

Göwnim bu durmyşdan köp zat islänok
Ýatyp tursam bolýa öýimde rahat
Gök asmanym duryp şol gökligine
Watanymam bolsa bolýa parahat

Göwnim bu durmyşdan köp zat islänok
Ýüzi gülse bolýa enem atamyň
Bary diýip durjak däl bolýar maňa
Ýary bagyşlansa eden hatymyň

Göwnim bu durmyşdan...

Dowamy »

739 35
Edebiýat, 3 years ago