Sözüň süýji,mähir doly ýüziňde,
Dünýede,sen deý mähriban adam ýok.
Eje,elleriňde jady bar ýaly,
Seniň tagamlaňdan doýup bolonok.

Eje,goý çalarsa çalarsyn başyň,
Kümiş saçlaň,bezeg berýär ýüziňe.
Ogyl,gyz agtykdan doldyryp daşyp,
Gül mydama ýaş dolmasyn göziňe.

Meň ýazasym geldi ýene sen hakda,
Sen hakynda,ýazsamda öň nijeme.
Ejem maňa,süýji arzuwlar edýär.
Meňem süýji,arzuwlarym Ejeme!

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir