Ir bilen turarsyň,gidersiň işe
Gün uzyn,işlärsiň dökip deriňi.
Ýadap,öýe gelseň göwniň açylar,
Göreňde,ýylgyryp duran periňi.

Soňra,çagajyklaň"Kakada kaka,"
Diyip,ylgaşypjyk geler ýanyňa.
Şol pursatlar,iň bir süyji pursatlar,
Ýadawlygyň asla,duşmez ýadyňa.

Görüp ýörkäň,çagajyklaň şatlygyn,
Gezip ýörkäň,söýülip hemde söýip.
Şondan başga zat isleme durmuşdan,
Şo zatlara diýseň bolar"Bagt"diyip.

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir