Göwnim bu durmyşdan köp zat islänok
Ýatyp tursam bolýa öýimde rahat
Gök asmanym duryp şol gökligine
Watanymam bolsa bolýa parahat

Göwnim bu durmyşdan köp zat islänok
Ýüzi gülse bolýa enem atamyň
Bary diýip durjak däl bolýar maňa
Ýary bagyşlansa eden hatymyň

Göwnim bu durmyşdan köp zat islänok
Berse bolýa kagyz bilen galamy
Ýürege söýgi ber kelläme ylham
Ýuwaş ýuwaş tapylar soň galany

Göwnim bu durmşdan köp dos islänok
Aş dosty däl çyn dostlary ber maňa
aýyrmasyn meni yslam dininden
Imanly gideýin çykmasam daňa

Böwnim bu durmyşdan baýlyk islänok
Halal gazananym ýetr özime
Ýekeje ýüz bilen gezeýin munda
Ikinji ýüz ornamasyn ýüzime

Göwnim bu durmyşdan köp zat islänok
Ýürek söýse bolýar ýekeje birin
Ogyl gyzym bolsyn wagty gelende
Derdine ýarajak bu ulys iliň

Gönim bu durmyşdan köp zat islänok
Ilim şahyr diýip tanasa bolýar
Şygylarym adamdan pul islänok
Söýip ýürek bilen okasa bolýar

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir