Parahat ýurdymda gülip gezeýin
Duşmanlary ýaman pilinden sakla
Entek saňa bergim bar meň üzeýin
O dünýä bergili gitmekden sakla

Bir ýigide gaýyn bolyp ýaşaýyn
Ýeke güle maýyl bolyp ýaşaýyn
Öz hakyma kaýyl bolyp ýaşaýyn
Kişiniň hakyny iýmekden sakla

Görogly et duşman gelse dargatjak
Şahandaz et türmen ilim ýylgyrtjak
Sähel ýerde adamy ynjytjak
Kemsitjek sözleri diýmekden sakla

Ýürekde göterip allam adyňy
Doganym saýaýyn ýakyn ýadymy
Ýalaňaja dözmän ýeke zadymy
Täzeden täze don geýmekden sakla

Aglatmaýyn enemi hem atamy
Bes maňa halal çöregiň gatany
Mal mülk üçin bolup ýurda içaly
Watana döniklik etmekden sakla


Kasam içip wattanymy goraýyn
Adamlara ýagşy gözde garaýyn
Ýöränimde dogry ýoldan ýöräýin
Ýalňyş ýola düşip gitmekde sakla

Enemden atamdan ak pata alyp
Toý tutyp tans oýnaýyn göge galyp
Gywatkeşleň gywatyna aldanyp
Öz guran bagtymy ýykmakdan sakla


Shamuhammet Kakabayew

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir