Belli bir kara gelmänkäň oýlan
Soňky göz ýaşlaryň bolar dereksiz
Heniz meň ýanymdan gitmänkäň oýlan
Pikir et men nädip ýaşaryn sensiz

Söýgi ummanynyň tolkunlarynda
Gaýygymy goýma gülim kürsiz
Ýekelikde ýalňyz galaýsam munda
Pikir et men nädip ýaşaryn sesiz

Eginime müner hasratam derdem
Bedenimem boşar gurar ýüreksiz
Oturda oýlan sen pikir et her dem
Pikir et men nädip ýaşaryn sensiz

Düşin men seň bilen bagtlydygyma
Bagtsyz günler asla maňa gereksiz
Batyp pikirleriň batgalygyna
Pikir et men nädip ýaşaryn sensiz

Dogry günlerimem aýlamam geçer
Ýyllarymam geçer ýöne manysyz
Aýralyk arzuwlarym sowryp seçer
Aýt neneň ýaşaýyn arzuwsyz sensiz

Otly durmaz öňi galyp ugransoň
Onsoň gygyr ylga bary peýdasyz
Gelinaljy seni alyp ugransoň
Pikir et mn nädip ýaşaryn sensiz

Soň ökinmez ýaly gowja pikirlen
Ýat ýerde ýaşap bilermiň mensiz
Ertir men bu güni gaýtaryp bilmen
Pikir et men nädip ýaşaryn sensiz

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir