Ýalwarýan men saňa beýle seretme
Gözleň ok deý içimden geçip barýar
Bu bolýan zatlara şat dälä menem
Meniňem ýüregim otlarda ýanýar

Ýalbarýan men saňa beýle seretme
Garaýşyň akdyrýa gözden ýaşymy
Men nädeýin edip bilýän zadym ýok
Otyryn gyrada tutyp başymy

Ýalbarýaryn maňa beýle seretme
Bu işleri düzederden giç indi
Iki bolup aý astynda oturyp
Eden süýji arzuwymyz puç indi

Ýalbarýan men saňa beýle seretme
Menem begenemok bolýan zatlara
Gyýylýar dilinýar söýen ýüregimm
Seniň gidýäniňi görip ýatlara

Haýyş edýän maňa beýle seretme
Nazarlaryň ot deý gowuryp barýar
Başymyzdan inen ajy aýralyk
Tenimden janymy soguryp barýar

Ýalbarýan ýalbarýan beýle seretme
Gaşlaryňy çytma gözleň ýaşlama
Ýaryň bilen bagtly bol,gül mydama
Asla meni geçmişiňi ýatlama

Awtory:Shamuhammet kakabayew

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir