Gyssagly habar: Öýde ýeke galan ýedi çaga ýangynyň pidasy boldy
2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda takmynan sagat 22:00 töweregi Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Bamyly obasynyň ýaşaýjysy Didar Çaryýewiň öýünde ýangyn emele gelip, öý eýesiniň mekdep ýaşly we ondan hem kiçi 7 sany perzendi aradan çykan. Bu barada biziň öz habarçymyz wakanyň şaýatlaryna salgylanyp, habar berýär.
Obadaşlarynyň aýtmagyna görä, ýangyn dörän wagty Didar Çaryýew, onuň aýaly Sähragül we maşgalanyň beýleki iki sany çagasy goňşy obadaky garyndaşlarynda myhmançylykda bolanlar.
Habarçymyza mälim bolşuna görä, öýsüz galan Çaryýewleriň maşgalasy Gurbansoltan eje etrabynyň häkimligi tarapyndan waglaýyn ýaşaýyş jaýy we zerur serişdeler bilen üpjün edilen. Obadaşlary hem Çaryýewleriň maşgalasyna ýerli-ýerden goldaw berýärler.
Waka boýunça deslapky derňewi etrap prokuraturasy alyp barýar. Kanun goraýjylar ýangynyň döremegine öýde gurnalan we tebigy gazda işleýän ýyladyjy ulgamda dörän näsazlyk ýa-da olary ulanmakdaky seresapsyzlyk sebäp bolandygyny çaklaýarlar. Bu barada goşmaça maglumatlara garaşyň.

Täzelikler, Merdan1981 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir