Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Ýaňy budulay atly agzanyň söhbetdeşlik mowzugynda ýazan ýazgysyny görüp, kellä bir pikir geldi. Ondan öňürti men bu babatda başga bir ýagdaýy aýdaýyn: Talyplar.çom sahypasynyň administratorlary bar, takyk bilmezlik bn, olaryň sanawy: 1- Shahyr; 2- Muhacir; 3- Farabi. Başga-da bardyr, belki, Agajanh, mc_merw hem bolup biler. Ýöne meň aýtjak bolýanym, şolar hemişe sahypada online bolup bilenoklar. Şol sebäpli-de, aram-aram sahypada käbir paýyş, agzalarya göwnedigiji, peseldiji we şahsyýetlerine ýetiji söz ýa sözlemler ýazylýar we bular barlanyp, aýrylanoklar. Şu ýagdaýyň bolmazlygy, ýa-da iň azyndan ýok diýiljek ýagdaýda az bolmagy üçin, ýokarday administratorlaryň (esasy we tehniki jogapkärler) daşyndan goldawçy moderatorlar (ýazgylary barlap, düzedýän) bolsa gowumy?! Maňa galsa-ha "Hawa!" Hatda, Şahyr hem şeýle diýipdi öň şahsy habarlaşamda. Şoň üçinem bu sahypada aktiw bolan agzalardan käbirleriniň sanawyny şu mowzukda goýup, olardan 1-2 sanysyny şol wezipä seçsek amatly bolarmyka diýýän. Bu babatda siz näme diýýäňiz, jogapkär adminler we hormatly agzalar?!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir