salam ildeşler, öni bilen aytmak isleyan, men sizin hemmanizi adamzat hökmünde söyyan, sylayan, gul bolmagynyza gaty gynanyan eger şeyle bolsanyz. sizin gowylygynyzy isleyan. sizem menin gowylygymy isleyandignizden şüphe edemok. içimden geldi bular. :) indi geleyli temamyza: menin pikrimçe adamlaryn derejeleri bolyar, yagny ynançlaryndaky derejeler. meselem: 1nji dereje: hiç ynanjy bolmayanlar, bular köplenç, hiç zat okamadyklar, gyzyklanmayanlar, ne din bilyar, ne huday bilen gyzyklanyar, garaz yslamda, jahil diyilyan, tm'de hem köp duşmak bolyar bulara. bular kellelerine göra yaşayalar. 2nji dereje: bular haçanda yankylar biraz din, huday bilen gyzyklanyp başlanda bolyar. we bular, gaty dinine, durmuşyna ünsli bolyalar. ynanjy güyçliler, yslamda hakyky musulmanlar, yüregi bilen ahyryete ynanyanlar bolyar. beterem güna iş edenlerine, toba zat edip, elmydama doga edip gezyaler, garaz içi-daşy imanyn ysy gelip dur bularda. gysgaça musulmanlar. 3nji dereje: yanky hakyky imanlylaryn ynanjy birden peselyar, ahli zat yalan bolup görünyar, özüni aldanylan, hatda samsyk yaly hem duyup başlayar, dine ynanmayalar, hudaya ynanmayalar, menin derejam diysen boljak. :) bular edil 1njiler yaly, kellelerine göra yaşayalar, yöne bu gezek has angly bolyar. ahli elindaki zat şu 70 yyllyk dünya bolany üçin, dünyanin kiçijek bölejiginem tygşytlyja ulanmagyn aladasynda bolyalar. 4nji dereje: bular 3nden sonra gelyar, 1,2,3 derejani hem başyndan geçiren adam, 4nja geçmegi ahmal, 4njiler, dini öz kellelerine göra ulanyalar, özleri ynanmayalar, emma beyleki ynanyanlaryn gözünde uly hormata eye bolyanlar. bularyn has akylly we çyndanam yokary dereje adamlar. özüni pygamber yglan edyanler, hudayyn olary saylandygyna özüni ynandyryan bolmaklary mumkin, belkide, bu düşünjani dine daşyndakylary ulanmak üçin edyaler. palçylar, jyn çagyryanlary hem şu hatara sokup bolar, belki 5njem bardyr, yagny özüni huday sayyanlar, yöne olar hazir-a yok bolsa gerek, taryhda bolupdyr, faraonlar. özüni huday sayyp, halky ulanypdyrlar. nahili göryaniz bulary?? pikirleriniz nahili?? 1den 2nja geçdinizmi?? yada 2den 3nja geçiş döwri başladymy?? men hazir 3de, yakynda 4e girmegim mumkin. :)

Köneler, Ga1taman tarapyndan 15 years ago
    ata 15 years ago
  • Musulman dininden bashga adamlar jennete duship bilyami ,ynha men shu soraga jogap tapyp bilmedim.sen ozun diyyan hemme soraglaryma jogap tapdym diyip. Eger tapan bolsan mana-da komek etsen gayrat edip. Ya-da sen beryan soraglaryn caklimi?
    lionlion | 2008-07-17 11:19:36


    Dinimizde käbir wagtlara "fetret wagty" diýip bellenilýär. Bu wagtyň esasy aýratynlygy: Allahy we Onuň aýdan zatlaryna bolan ynanjy şol wagtdaky ynsanlara doly we dogry ýagdaýda düşündirjek biriniň we mümkinçilikleriň bolmazlygy ýa-da ýetersizligi sebäpli, şol ynsanlaryň ahyretde bu babatda jogapkär tutulmajagy aýdylýar. Muňa delil hökmünde Kuranyň bir aýatynda many taýdan şeýle diýilýär:"Pygamber ibermedigimiz bir kowmy hasaba çekiji däldiris!" Diýmek, pygamber, din alymlary bir kowma gelmedik we olara dini hakykatlara düşündirilmedik bolsa, onda olar halas bolarlar we Allahyň rahmeti boýunça jennete igerler diýilýär, umuman!

    Hristiýanlar we Ýewreýlerden hem Allahyň bar we birligine ynanýanlar bar, ýokarda-da ýazypdyň giňişräk, olaram eden günäleri bar bolsa, jezalaryny çekensoň iru-giç olaram jennete giderler.

    Allahyň bar we birligine ynanmaýanlar bolsa, haýsy ynanja eýe bolsa bolsunlar, gitjek ýerleri, umuman, jähennem bolar. Hem Jennetlik hem jähennemlikler üçin umumy ýagdaý şeýle bolmaklyk bn, kysmat mowzugyna degişli "Allahyň atasy" diýip bir ýagdaý bar, muny şahyr goňşy mowzuklaryň birinde gowy düşündirdi.
    ata 15 years ago


  • indi harmandäli jigimiň soragyna gelsek, "...ýewropada ynanmaýanlar bar, olaryň ýagdaýy näme bolar..." diýipdiň.

    Biler bolsaň, bärde şeýle köp sanly serkow bar, her köçede diýen ýaly. Ol ýerde rahipler(hristiýan din alymlary) bar we umumy ýagdaýda her 3-nji we bazar(otdyh=dynç) günler sagat 19:00-da kiliselerde (çhurçh=serkow) ybadat edýäler, musulmanlaryň juma namazynda bolşy ýaly.

    Bularyň ýeketäk hudaýa ynanýanlary hem bar, oň daşyndan "troitsa=üçli ynanç" ynanýanlary hem bar. Birinji görnüşi öňde soňda jennete gider, ikinjisi we ýewropadaky köp sanly ateistler we şoňa meňzeş ýenegörler dini hökümlere görä dowzaha gider.

    Meň bilşim şeýleräk, giňişleýin ýazsa bolar, ýöne ýokardakylar ýeterlikmikä diýýän?!
    ata 15 years ago
  • hä, ýokardaka goşmaça maglumat : bu asyr ýewropalylar üçin, umuman, fetret asry bolup bilmez, çünki köp sanly serkowlardyr rahipler(erkek we zenan)bar, internetde dini sahypalary bar, bahanalary ýok-da garaz, pikirimçe!

    bellik: gap-gara ýazylýarlaý, ýapmadym öýdýän başdaky ýazgymda, ýöne soňkylarda-da dowam edýär soň ýapamsoňam?!
    Maxat 15 years ago
  • ata aga name göz hayallap başladymy, giç bolandan bolaymasyn, bar yeri garalap çykypsyn-a))
Teswir ýazmak üçin Içeri gir