*söhbetli hekaya mana degişli dal, terjime etdim we kabir yerlerini üytgetdim. - Bugün ir bilen gapym kakyldy. Açamda gapyda gowy geyinigli bir ar-ayal duran eken. Adam önünça geplap başlady. "Salam adym John we bu hem ayalym Mary." Mary: salam, biz seni biz bilen bile "obanyn galtamanbaşysy" Hank'e hyzmat etmage çagyryarys. Men: Bagyşlan, Hank kim we men name üçin ona hyzmat etmek islayin? John: Eger Hank'e hyzmat etsen ol sana 1 milyon dollar beryar, eger hyzmat etmesen ol seni öldürer. Men: Başga işiniz yokmy? Meni öz günüme goyyn. John: Hank gaty bay adam, bu obany ol gurdy. Barinin eyesi şol. Islan herzadyny edip bilyar we sana hem 1 milyon dollar bermek isleyar. Emma önünça hyzmat etmeli bolyarsyn. Men: Gaty gülkünç we manysyz zatlar bular. Mary: Sen kime gülkünç we manysyz diyan? Öwrenişdin öydyan. 1 milyon dollar islanokmy?? Şuna degyar hyzmat etmek. Men: Dogry bolup biler, yöne bilmedim-da.. John: Gel onda , bile gideyli. Men: Siz ona hyzmat edyanizmi elmydama? Mary: Hawa, elmydama, biz onyn hyzmatynda. Men: Onam 1 milyon dollar berdimi size? John: Obadan gidende beryar puly. Men: Onda derrew obadan gidende bolmayarmy? John: Yok bolmayar, Hank rugsat bermese obadan çykyp bolanok. Puly bermez we seni öldürer. Men: Düşnükli, Hank'e hyzmat edip we obadan gidip-de, puly alan adam tanayanyzmy hiç? Mary: Ejem yyllar boyy, Hank'e hyzmat etdi, Geçen yyl obadan gitdi, pulynam alandyr menin pikrimçe. Men: Hiç ejen bilen ondan sonra gürleşmedinmi? Mary: Elbetde yok, Hank muna rugsat berenok. Men: Puly alan adam bilen gürleşmedik bolsanyz, alyp-almandyklaryny nirden bilyaniz? Mary: Obadakan kate yerden pul, bir yerlerden gowy gazanç tapyan, garaz bilsen bolyar, Men: Bularyn Hank bilen name baglanyşygy bar? John: Hak'in kabir dostlary bar. Men: Bagyşlan welin, bu zat mana oyun yaly we aldawçylyk yaly bolup görünyar. John: Yöne 1 milyon dollary pikir edip gör, we bir zady unytma, eger hyzmat etmesen, Hank seni öldürer. Men: Onda men bir Hank bilen gürleşip göreyin, anygyny öwrenmek isleyan. Mary: Yok, Hank'i hiç kim görüp bilmeyar, we onyn bilen hiç kim gürleşip bilmeyar. Men: Ony görmeyan bolsanyz, nadip ona hyzmat edyaniz? John: Hyzmat edyas we ony göz önüne getiryas, yada kate Karl'e hyzmat edyas, ol Hank'e gowşuryar, aytyar. Men: Karl kim? Mary: Karl bizi onyn bilen tanyşdyran adam. Karl'y 2-3 gezek öye nahara çagyrdyk. Men: Diymek Hank barada ahli zady dineje Karl'yn aydan zatlaryna ynandynyzmy? John: Yok, yok. Karlda bir hat bar. Birnaçe yyl mundan ozal Hank iberipdir ona. Ahli zat düşnüklije yazylypdyr ol hatda. Ine, bu hem şonun göçürmesi, görüp bilersin. - John mana kagyzy berdi. Içinde 11 maddalyk nahili hyzmat edilmelidigi barada düzgün bardy. Men: Muny Karl'yn özi yazypdyr öydyan. Mary: Hank'in kagyzy yokdy. Hank aytdy, Karl hem yazdy. Men: Hany hiç kim Hank'y görmedi diyipdiniz? Mary: Hazir hiç kim görüp bilmeyar, Önler kabir dostlary bar eken. Men: Hank gowy adam diypdiniz. Haysy adam dineje bir-birinden tapawytly diyip, adamy öldürer? Mary: Hank islapdir muny, we elbetde dogry edyandir-da. Men: Nirden bilyan dogrydygyny? Mary: 7nji madda seret "Hank elmydama dogryny aytyar." diyilgi. Men: Belkide Karl özünden çykarandyr bularyn ahlisini? John: Bolup bilmez, 5nji madda seret, "Bu haty Hank yazdyrdy." diyilgi. 2nji madda seret "gowylyk edin." diyipdir we 4nji madda-da "saglygynyza seredin." diyipdir. Bu zatlaryn erbet daldigini herkim bilyar. Diymek Beyleki maddalar hem dogry. Men: 6njy madda-da "ay yaşyl peynirden edilendir." diyipdir. Bu yalnyş zad-a? John: Aya gidip görmedin, belki-de dogrydyr. Men: Emma alymlar ay daş-gayalardan ybarat diyaler.. John: Elbetde, yöne ol daş-gayalar belki alemin başga yerinden anryk sonra gelendir, Yagny hakyky anygy "yaşyl peynir" bolup biler. Men: Daş-gayalaryn nirden gelendigini biilmanimizde, ona yaşyl peynirden yasaldy diyip bilmeris-a. John: Hank yazan bolsa , ay yaşyl peynirden yasalandyr. Men: Ay bolya-da, yöne bu 7nji madda seredeyli, "sosiskalary dineje yörite yasalan sosiska çöregi bn iyin." John: Sosiskalary yörite yasalan sosiska çöregi bilen iymeli. Hank'yn yoly şul. Başga hili iymek yalnyş. Men: Yöne birden şol yörite yasalan sosiska çöregim yok bolsa name etmeli? John: Onda sosiska iyip bilmersin. Hank'yn düzgününe göra yalnyş zat. Men: Ketjap garyşdyrmagam bolmayamy? -Mary gatyrganyp seretdi. John: Dil yetirme beydip. Sosiskan yanyna hiç zat garyşdyrmaly dal. Men: Biraz mayonez goysami duzlyrak, ajyrak edip iysem name? -Mary gulagyny yapdy "dinlemek islamok, la la la.." John: Ey Huday, nahili yürek bulanç zat. Nadip iyip bilyan beyle zady? Men: Gaty tagamly bolyar, men elmydama şeydip iyyan. Mary doly gaharlanyp başlady. John ony köşeşdirdi, "Eger beyle adamlardandygyny bilsedim hiç wagtymy yitirmezdim. Hank seni öldürmek üçin urup durka, menem şeylede boljak we sen göz önünde pulumy syrtaryp sanajak. Hank'a sen yerinede hyzmat ederin. Mayonezçi, yigrenji.." Sonra ikisi hem maşynlaryna münip gitdiler.

Köneler, Ga1taman tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir