Salam hormatly agzalar! Gowumy ýagdaýlaryňyz? Sag-aman okap, işläp ýörsüňizmi? Temamyň adyndan belli bolşy ýaly, meniň by gezekki gozgajak meseläm hemmämiziň kalbymyzy heýjana salýan “onuň alyhezretleri söýgi” meselesi! Bu mesele biziň hemmämiz üçin biçak gyzyklydyr we diýseň özüne çekijidir. Ýöne, bu gezek men sizi gynandyrmaly boljak. Sebäbi bu gezek men gursakda garran, wysalyna ýetmedik, we arzuwyna gowuşmadyk bir söýgiň taryhyny size gürrüň bermekçi. Bu aýdyp berjek gürrüňimi “bolan waka” diýip hasap edýärin. Sebäbi, şeýleräk bir waka birwagtlar meniňem başymdan geçipdi. Hany, indi bolsa men siziň kelläňizi agyrdyp oturman, esasy meselä geçeýin-le. Men düýn ýurdumyzda neşir edilýän aýal-gyzlaryň “Gurbansoltan Eje” atly belli žurnalyny elime alyp, göz gezdirip otyrdym. (Men känbir aýal-gyzlara degişli zatlary okamazdym-am welin, düýn birhili tötänden bolaýdy). Şonda men bu žurnalyň sahypalarynyň birinde neşir edilen bir makalany - bir okyjynyň başdan geçirenini okap, bogazym doldy (agym tutdy). O makalany okap duýgulanmak mümkin däl diýip, hasap edýärin. Men, gowusy, size o makalany tutuşlygyna ýetireýin-le. Bu makala sizi biperwaý goýmasa gerek. Okaň we lezzet alyň! (Aglaýmagyňyz hem gaty mümkindir). (bu makala žurnalyň 5-nji sanynda (maý aýynda), 39-njy sahypasynda çap edildi. Bärde çap edip, özünden birugsat köpçüligiň dykgatyna ýetirýänligim üçin awtordan gaýybana ötünç soraýaryn. Nehir.) Bagyşla Maýam!Çary, Aşgabat şäheri “Kalbymyň töründen orun alan şol gözeli ýatlamaýan günüm barmykan? Söýgi hakda söhbet edilse, ýa-da goşgy diňlesem, söýüşýänleri görsem, biygtyýar ýadyma şol gözel düşýär. Ana, onsoň ýatlamalar ýumagyny çözläberýän-çözläberýän. Onuň yzyna düşdügimçe-de ýüregim gysyp başlaýar. Alla jan, nämüçin bir şäherde ýaşaýan-da bolsak, şol gözel ýolda-yzda-da duşaýanok. Didaryna zar bolan şol gözelimiň gül roýuna teşne gözlerim ony, diňe şony gözleýär. Ol bolsa ýok. Hiç ýerde ýok. Şol öňküje ýodany yzlap, ýollara barýan – ol ýok. Hawa, men üç çaganyň atasy. Uluja gyzyma şol gözeliň adyny dakdym. Onuň gözlerinden gözlerini gözledim. Ol gözlerde bolsa diňe öz keşbim – sähelçe ýerde säwlik goýberen ejiz keşbim bar. Men özümi ýigrenýän. Men ony biçak söýýärdim. Ölüp-öçüp, serden geçip söýýärdim. Onuň-da maňa biparh däldigini duýýardym. Ýeri, şony duýaňsoň, saňa başga näme gerek diýsene?.. Ençe gezek duşuşuga çagyrdym, çykmady. Ýene, ýene çagyrdym. Bir gezek çagyran ýerimde garaşyp durun. Dostumyň “Gelýär” diýen sesine galpyldap ugradym. Ol bolsa biziň deňämizden başga ýere barýan ýaly sowlup geçip gitdi. Men bolsa gedem, özüne göwni ýetýän oglan, şol günüň özünde öýlenmegiň ugruna çykdym. Garyndaşymyzyň Ýazjemal atly gyzyny maňa alyp beresi gelýän käbäm begene-begene meniň “iki gözümi dört etdi”. Maýamdan aýra salan ýyllar köpeliberdi. Köpeldigiçe-de şol aýralygyň salan ýarasy täzelenip gidip otyr. Dogry, ol meniň durmuş toýuma gelipdi. Misli tawus guş ýaly sähel zatdan ürküp duran gözelime özümiň “bagtymy” göz edip, ar alýardym. “Duşuşyga gelmeseň gelmän geç” diýip, öz ýanymdan hüňürdeýärdim. Onuň gözlerinden gaçan taýly hünjüni gören dostumyň: “Dost, ýalňyşaýdyň öýdýän” diýen sözi häzirem gulagymda ýaňlanyp dur. Arada mekdebi gutaranymyzyň 15 ýyllyk senesini bellemek niýeti bilen köneje mekdebimize üýşdük. Ol gün men oňa juda kän garaşdym. Şol gün golaýlaşdygyça ýüregim agzymdan çykyp barýana döndi. Gapdalymda oturan ýigidiň “Maýa gelýär” diýen sesine bolubilenimi boldum. Armanda goýan lälämi görjekdim. Ol bolsa synpdaşym Nazaryň “Maýasy” eken. Men bolsa öz “Maýamdan” başga Maýa bardyram öýtmän şu eziz adamlar bilen 10 ýyl bir synpda bileje okapdyryn. Men garaşdym. Ol gelmedi. Şol gün onuň adamsynyň doglan güni ekeni. Wessalam. Görmek, bilmek islän gözelim hakynda bar eşidenim şol boldy. Ýaşap ýörün. Iş-aladam başymdan agdyk. Maşgalam bilenem agzybir. Ýöne şol gözel hakyndaky armanly ýatlamalarym birjikde öz erkime goýmaýar. Ol meniň hyýalymda şol öňküligi ýaly utanjaň, ýygra, geplemezek, az-kem gussa çaýylan gözlerini aşak salyp barha menden daşlaşyp barýar. Men “Maýa, Maýa jan” diýip, aýagaldygyna hyýalymyň yzyndan ylgaýaryn. Ol bolsa elýetmez, sesýetmez, gözýetmez alyslykda. Ýyllaryň gatyna diň salýan, ondan bolsa diňe bir owaz eşidilýär: “Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada; Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde”. Beresligine, utanjaňlygyna, ýygralygyna düşünmän ýalňyşypdyryn. Türkmen gelin-gyzlarynda depäňe täç edinäýmeli şol häsiýetlere sarpa goýmaly halyma ters düşünipdirin. Men galan ömrümi şol elýetmez läläm hakyndaky ýakymly arzuwlarym, arzyman ýatlamalarym bilen hyýalymda şa bolan melikäm bilen ýaşaryn.” Ine, dostlar, bu “hesretli söýgi kyssasy-ha” şeýle tamamlanýar. Bu paşmadyk, wysala ýetmedik söýgi baradaky pikirleriňizi meniň bilen paýlaşarsyňyz diýip, umyt edýärin. Hany onda, oglanlar we gyzlar, galamyňyzyň ujyny artyň-da, taýýarlanyberiň! Başyny bolsa, men başlaýyn...

Köneler, Nehir tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir