Konstitutsiýa döwletiň ýokary kanunçylyk toplumydyr. Ondaky berkidilen kadalaryň we düzgünleriň döwlet dolandyryşygyna göni täsiri bar. Türkmenistanyň Konstitutsiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Konstitutsiýa laýyklykda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, öz territoriýasynda hökmürowandyr we bütin häkimiýete eýedir. Ol içeri we daşary syýasatyny özbaşdak amala aşyrýar. Döwleti dolandyrmak Prezident respublikasy formasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy häkimiýetine, ýerine ýetiriji häkimiýetine we sud häkimiýetine bölünmek prinsiplerini esaslandyrýar. Türkmenistan halkara hukuklarynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen normalaryny ileri tutýar. Ol dünýä birleşigine doly hukukly döwlet bolup girýär, daşary syýasatynda parahatçylykly ýaşaşmak, güýç ulanmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk prinsiplerine daýanýar. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Döwlet graždanyň öňünde jogapkärdir. Ol şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şert döredilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň konstitutsiýasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, graždanlaryň hukugy we azatlygy kemsidilip ýa-da çäklendirilip bilinmez. Konstitutsiýanyň düzgünlerine ters gelýän islendik kanunlaryň ýa-da beýleki hukuk aktlarynyň hukuk güýji ýokdur. Döwlet organlarynyň graždanlaryň hukugyna we azatlygyna degişli hukuk aktlary hemmä açyk äşgär etmek üçin çap edilmelidir ýa-da başga usulda halka ýetirilmelidir. Şeýle edilmese, olar kabul edilen pursatyndan başlap güýçsüz hasap edilýär. Azat jemgyýetde hukuk esaslaryny berkitmäge Türkmenistanyň adamyň hukuklary we azatlyklary hakyndaky halkara aktlaryna goşulmaga hem ýardam edýär. “Türkmenistan dünýä bileleşikleri tarapynda kabul edilen we halkara hukugyň normalarynda hasaba alnan adamyň we graždaniniň esasy demokratik hukuklaryny we azatlygyny ykrar edýär we oňa hormat goýýar, olaryň netijeli bilelikde ýaşamaklary üçin syýasy, ykdysady, hukuk we beýleki kepillikleri döredýär” diýlip, 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Konstitutsiýon kanunda aýdylýar. Adam hukuklary babatda Bitarap Türkmenistanyň halkara borçlary hakyndaky Deklarasiýada adam hukuklarynyň ähliumumy Deklarasiýasynyň maksatlaryna we prinsiplerine: halkara hukugynyň kanunlaryna we hemmeler tarapyndan ykrar edilen normalaryna wepalydygy tassyklandy. Onda Türkmenistanyň jynsyna, dinine, syýasy we beýleki ynançlaryna, milli we sosial gelip çykyşyna seretmezden, her bir adamyň Konstitutsiýa tarapyndan berkidilen hukugyny we azatlygyny üpjün etjekdigi tekrarlandy. Öňki ratifisirlenen gumanitar sferasyndaky halkara dokumentlerden başga-da, 1996-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan graždan we syýasy hukuklar hakyndaky Halkara pakta, ykdysady, sosial we medeni hukuklar hakyndaky Halkara pakta, graždan we syýasy hukuklar hakyndaky Halkara paktyň fakultatiw protokolyna, aýallara bolan gatnaşygyň diskriminasiýasynyň ähli formalaryny ýok etmek hakyndaky konwensiýa goşuldy. Türkmenistan öz Konstitutsiýasyna laýyklykda, halkara hukugyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen normalaryny ileri tutmak bilen, dünýä bileleşiklerindäki ýurtlaryň integrasiýa prosesini çaltlandyrýar, halkara standartlaryna laýyklykda milli kanunçylyk normalaryny amal etmäge ýardam berýär. Halk Maslahatynyň we Ýaşulylar geňeşiniň 1998-nji ýylyň iýulynda Daşoguz şäherinde bolan mejlisinde täze jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak meseleleri boýunça Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi, anyk edilen işlere baha berildi we ýakyn geljekde bu ugurda ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlenildi. Ýurduň mundan beýläkki ösüşi üçin täze müňýyllygyň bosagasynda täze ideýalar we barlanylyp görlen strategiýalar gerek. Olar saýlaw sistemasyny mundan beýläk hem demokratizasiýalaşdyrmaklygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlygyny giňişletmekligi göz öňünde tutýan düýpli çäreleriň kompleksi hökmünde türkmen halkynyň lideri tarapyndan öňe sürüldi. Olaryň esasy maksady halky häkimiýete ýakynlaşdyrmakdan, döwlet işlerini dolandyrmakda graždanlaryň roluny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Köneler, Farabi tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir