Ata Watan
Türkmenistanda şu hepde garaşylýan howa maglumaty
31-nji oktýabrdan Türkmenistanda ortaça temperatura +21 derejä çenli peseler. Muny Gismeteo meteorologiýa çeşmesiniň maglumatlary delillendirýär.
Aşgabatda sişenbe güni iň ýokary temperatura +21 derejä çenli peseler, günüň dowamynda ortaça temperatura bolsa +17 dereje bolar. Çarşenbe güni +23 dereje bolmagyna garaşylýar. Penşenbe...
Alymlar Günüň işjeňliginiň iň ýokary derejesiniň boljak wagtyny kesgitledi
Gün işjeňliginiň ýokary çäginiň wagtyndan öň bolup biler. NASA-nyň we ABŞ-nyň Atmosfera gözlegleri merkeziniň (NCAR) alymlarynyň aýtmagyna görä, bu açyş ýyldyzyň tebigatyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.
Gün işjeňligi 11 ýyllyk aýlawy bilen dowam edýändigi mälimdir, minimumlar maksimumlar bilen gezekleşýär. Pese gaçanda ýyldyzyň üstün...
Toyota rekord mukdarda awtoulag öndürdi
Şu maliýe ýylynyň birinji ýarymynda (2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy sentýabryna çenli) Toyota Motor 5,58 million awtoulag öndürdi.
Toyota-nyň resmi taýdan çap edilen maglumatlaryna görä, bu belli bir döwürde kompaniýa üçin rekord görkeziji.
Toyota öz beýanatynda dünýädäki awtoulag önümçiliginiň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bi...
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
30-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen,...
«Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Neşirde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň, şeýle hem hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary beýan edildi...
Lionel Messi sekizinji gezek «Altyn top» aldy
Argentinaly hüjümçi Lionel Messi “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy oýunçysy üçin berilýän “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy.
36 ýaşly hüjümçi klub derejesinde “Inter Maýami” amerikan klubunda çykyş edýär. Messi baýragy duşenbe güni Parižde geçirilen dabarada aldy. Ses berişligiň jemi boýunça iň gowularyň üçlügine “Pari S...
Bellingem ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy boldy
Duşenbe güni Parižiň Şatle teatrynda iň gowy futbolçylara baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. “France Football” žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy ýaş oýunçysy hökmünde (21 ýaşdan kiçi) Madridiň “Realynyň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Jud Bellingem saýlandy.
Baýrak üçin dalaşgärleriň bäşligine Bellingemiň klubdaşy fransiý...
Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň derwezebany Lew Ýaşin adyndaky baýraga mynasyp boldy
Argentinaly Emiliano Martines “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy derwezebanyna berilýän Lew Ýaşin baýragyna eýe boldy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Angliýanyň “Aston Willa” klubunyň derwezebany baýragy Parižde geçirilen dabarada aldy.
31 ýaşly Martines 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempiony boldy, Katarda geçir...
Holand ýylyň iň gowy bombardiri baýragyna mynasyp boldy
“Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand “France Football” žurnaly tarapyndan geçen möwsümiň iň gowy bombardirine berilýän Gerd Mýuller adyndaky baýragyň eýesi boldy.
Holand 2022/2023-möwsüminde 56 gol geçirdi, onuň ähli goly dabarada ýazgy bilen görkezildi. Möwsümiň jemi boýunça bombardirleriň ýaryşynda ikinji orny Fransiýan...
“Mançester Siti” ýylyň iň gowy topary boldy
“France Football” žurnaly tarapyndan Angliýanyň “Mançester Siti” topary yzygider ikinji gezek ýylyň iň gowy topary diýlip ykrar edildi. Geçen möwsümde topar Angliýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogynda ýeňiş gazandy hem-de Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.
Iň gowy zenan topary hökmünde Ispaniýanyň “Barselonasy” saýlandy. Kataloniýanyň klub...
Aýtana Bonmati zenan oýunçylar üçin “Altyn top – 2023-üň” eýesi boldy
“Barselonanyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň zenan futbolçysy Aýtana Bonmati “Altyn top” baýragyna mynasyp boldy.
Ol milli toparyň düzüminde 2023-nji ýylyň dünýä çempiony boldy, klub bilen La Ligada, Ispaniýanyň Super kubogynda we Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy.
Winisius Žunior haýyr-sahawaty üçin Sokrates baýragyna eýe boldy
Madridiň “Realynyň” we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Winisius Žunior “Altyn topuň” gowşurylyş dabarasynda haýyr-sahawaty üçin Sokrates baýragyna eýe boldy.
23 ýaşly braziliýaly oýunçy ýagdaýy pes talyplar üçin Vini Jr Institute atly bilim programmasyny döretdi. Ol 2022-nji ýylda 335 müň ýewro, 2023-nji ýylda 1 million ýewrodan g...
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekillerinden düzülen ýörite topar ýurdumyzyň welaýatlarynda, çetki etraplarynda, obalarynda ýaşlaryň, zenanlaryň, ýaş maşgalalaryň arasynda «Maşgala mukaddesligi» atly wagyz-nesihat duşuşyklarynda, maslahatlarynda çykyş edýärler. Bu b...
Konor Makgregor oktagona haçan dolanyp biljekdigini aýtdy
Iki agram kategoriýasynda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor (22-6) aprel aýynda söweşip biljekdigini aýtdy. Şol aý UFC 300 ýaryşy geçiriler. Bu barada sport-express.ru belleýär.
“Men aprel aýynda dolanyp gelmek isleýärin. Ondan öň uly höwes bilen çykyş ederdim, ýöne hakykatçyl bolsak, men doly dikelip, gowy formada gelmek isleýärin. Apre...
Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär
28-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär.
29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygy beýik türkmen...
Ýaponiýanyň Osaka prefekturasynyň gubernatory Türkmenistana sapar bilen gelip biler
Osaka şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Osaka prefekturasynyň gubernatory H.Ýoşimuranyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şe...
Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen ilçisi bilen Türkmenistana saparyny maslahatlaşdy
30-njy oktýabrda Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýewiň bu ýurduň daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda, ministr...
ÝHHG-niň Baş sekretary Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşar
ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Mariýa Şmid 31-nji oktýabrda ÝHHG-niň gatnaşyjy Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri we beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşmak üçin Türkmenistana geler.
Aşgabatda Baş sekretar Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan gurnalýan we geçirilýän “ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziý...
Bişkekde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
30-njy oktýabrda Bişkekde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň rektory Akylbek Kylyçewyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň DIM-niň HGI bilen...
Guwlymaýakda täze medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy başlanar
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Balkan we...
Guwlymaýakda täze medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy başlanar
şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Haabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Bal...
Türkmenistanda 4-nji noýabrda güýzki bag ekiş möwsümine badalga berler
4-nji noýabrda Türkmenistanda nobatdaky «ýaşyl» ekologiýa çäresine — güýzki bag ekiş möwsümine badalga berler. Şol gün ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.
Döwlet Baştutany ýurduň...
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisine taýýarlyk görýär
Şu ýyl Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu düzümiň 16-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda bell...
Noýabr aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?!
28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada hasabat berdi.
Hasabatda b...
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işi kämilleşdiriler
28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň ta...