TripAdvisor hyzmatynyň analitikleri dünýädäki iň meşhur kenarlary seljerip, iň gowy kenarlaryň reýtingini düzdüler. Reýtingde birinji orna Gresiýadaky Elafonisi kenary mynasyp boldy. Syýahatçylaryň sözlerine görä, bu ýer öz gözelligi, arassalygy we amatly mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ikinji orna Tailanddaky Banan kenary mynasyp boldy. Üçünji orunda bolsa, Arubadaky Igl-Biç ýerleşdi. Şeýle hem sanawyň ilkinji 10-lugynda, yzygiderlilikde, ABŞ-daky Siesta kenary, Portugaliýadaky Praýýa-da-Faleziýa (Faleziýa kenary), Kubadaky Plaýýa Waradero (Waradero kenary), Dominikan Respublikasyndaky Bawaro kenary, Ispaniýadaky Plaýýa-de-Muro kenary, Indoneziýadaky Kelingking kenary we Gresiýadaky Mirtos kenary bar.