Arheologlar Kairiň golaýyndaky Sakkara nekropolunda Gadymy Müsüriň V nesilşalygynyň düýbüni tutan faraon Userkafyň ogly şazada Waser-if-reniň guburyny tapdylar. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi habar berdi. Gazuw-agtaryş işleri boýy 5 metr töweregi we ini bir metrden gowrak bolan gülgüne granitden ýasalan äpet galp gapynyň tapylmagyna sebäp boldy. Gadymyýet işleri boýunça ýokary geňeşiň baş sekretary Muhammet Ysmaýyl Haled ozal şeýle ululykdaky gapynyň tapylmandygyny aýtdy. Gadymy Müsüriň däp-dessurlarynda gapl gapy dirileriň dünýäsi bilen ahyryýetdäki ýaşaýşyň arasyndaky baglanyşygy aňladypdyr. Alymlar mazaryň içinden faraon Joseriň, onuň aýalynyň we on gyzynyň heýkellerini tapdylar. Müsürdäki ilkinji piramidany dörediji hökmünde tanalýan Djoser III nesilşalyga degişlidir. Barlagçylar heýkelleriň ilkibaşda Djoseriň basgançakly piramidasynyň golaýynda durandygyny, ýöne soňra olaryň Waser-if-reniň mazaryna göçürilendigini çaklaýarlar. Munuň sebäbi syr bolup galýar. Müsüriň iň gadymy nekropollaryndan biri bolan Sakkara 4600 ýyl mundan ozal gurlandyr we hökümdarlaryň jaýlanan ýerleri hem-de Djoseriň basgançak piramidasy bilen meşhurdyr. Bu tapyndy Sakkaranyň ähmiýetini nygtaýar we V nesilşalyk hakda täze maglumatlary açyp biler. Alymlar mundan buýana geçiriljek barlaglar III nesilşalygyň heýkelleriniň V nesilşalygyň şazadasynyň mazaryna nädip düşendigine düşünmäge kömek eder we nekropolyň beýleki syrlaryny açar diýip umyt edýärler.