Y63 kuzowly we V6 hereketlendirijili täze «Nissan Patrol-yň» bazara çykanyna alty aý bolandygyna garamazdan, kompaniýa 15 ýyl mundan ozal çykarylan «Patrol Y62» modelini täzelemäge karar berdi. Täzelenen «Nissan Patrol Y62», esasan, Awstraliýanyň bazary üçin niýetlenendir. Sebäbi bu ýerde adamlar klassyky çarçuwaly off-road ulaglara we klassyky atmosferaly hereketlendirijilere uly baha berýärler diýip, «CarExpert» habar berýär. Täzelenen «Patrol Y62» öňküsi ýaly 5,6 litrlik V8 hereketlendiriji bilen gelýär, ol 406 at güýjüni öndürýär, aýlanyş pursady (torky) bolsa 560 Nm. Bu hereketlendiriji 7 basgançakly awtomatiki karobka we doly herekete getiriji ulgam bilen işleýär. Esasy täzelenmelere salonyna degişli boldy: ulag 12,3 dýuýmlyk ekranly täze media ulgamy, nawigasiýa, simsiz Apple CarPlay we Android Auto goldawy, 7 dýuýmlyk sanly panel, daş-töweregi 360° görkezýän kamera ulgamy, 13 dinamikadan ybarat Bose ses ulgamy, simsiz zarýad beriji we sowadyjy guty bilen enjamlaşdyrylan. Ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Warrior» görnüşinde bolsa goşmaça basgançaklar bar. Ulagyň salonynyň dizaýny boýunça, 5 ýyl ozal Demirgazyk Amerikada tanyşdyrylan «Nissan Armada» modelinden hem ylham alnypdyr. Täzelenen «Patrol Y62-niň» Awstraliýadaky başlangyç bahasy 58 müň dollardan başlanýar. Deňeşdirsek, «Toyota Land Cruiser 300» modeli 69 müň dollardan başlaýar, iň ýokary görnüşli «Land Cruiser Prado 250» bolsa 64 müň dollara durýar.