23-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalygynda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Maslahatyň maksady — ekologiki ulgamlara täsirleriň ýokarlanmagy we howanyň üýtgemegi şertlerinde oba hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň ýörelgelerini, tehnologiýalaryny we çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak. Maslahata dürli ýurtlardan oba hojalyk pudagynyň alymlary, barlagçylary hem-de hünärmenleri gatnaşar. Halkara ylmy-amaly maslahat şu wezipelerden ugur alýar: Agrosenagat toplumynda tebigy baýlyklary peýdalanmaklygyň häzirki zaman meselelerini we töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak; Oba hojalygynda suwdan, ýerden, energiýa çeşmelerinden rejeli peýdalanmagyň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak; Dürli ýurtlaryň alymlarynyň we bilermenleriniň arasynda tejribe alyşmaklaryny üpjün etmek; Ekologiki we tebigy baýlyklar babatynda meseleleri çözmeklik üçin halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini kesgitlemek; Oba hojalyk pudagyna netijeli çemeleşmeleri ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak. Halkara ylmy-amaly maslahatyň tematiki ugurlary: Oba hojalygyny alyp barmak boýunça ekologiki çemeleşmeler Suw gorlaryndan rejeli peýdalanmak Ýer serişdelerinden netijeli peýdalanmak Has giňişleýin maglumat üçin institutyň resmi sahypasyna girip görüň.