Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany Hezretleri, Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosy Kardinal Kewin Jozef Farrelle Onuň Ruhany Hezretleri Papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. “Papa Fransiskiň dinleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda, dünýäde parahatçylygy, asudalygy we agzybirligi pugtalandyrmakdaky uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar” diýlip, döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda katolik jemgyýetine ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir