22-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasy badalga aldy. Ministrligiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, olimpiada Russiýanyň, Ermenistanyň, Bolgariýayň, Özbegistanyň, Nepalyň, Hytaýyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Täjigistanyň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň, Wýetnamyň, Kataryň, şeýle hem Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 231-si, şeýle hem ady agzalan ýurtlardan gelen mugallymlaryň 52-si gatnaşýar. Ders bäsleşigine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen wekiliýetler üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Şoňa görä-de, günüň ikinji ýarymynda olimpiada gatnaşyjy myhmanlar ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp ýerlerinde, aýratyn hem, «Ylham» seýilgähinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde bolup, wagtlaryny gyzykly geçirdiler. Şeýlelikde, mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasy 2025-nji ýylyň 26-njy apreline çenli öz işini dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir