sebapsiz çöp başy gymyldamazmysh,
sabyr eyleyip,şükür edelin hudaya,kyrk yyl gyran gelse bile,ajaly yeten olermish,\"ilde gelen,toyda bayram\"şükür edelin hudaga..............owal ata bilinden damla-damla yol alyp,sonra ene garnynda bolek,lagta gan bolup,giň jahana geldik biz,yazgyt bize yar bolup,yazdygyna yazgydy,şükür edelin hudaga............ilkibashda ümbilmez günasizje chagadyk,sonra durmush yollarynda hata baryn yashadyk,bakyp bir gun geçmişe,oturuplar agladyk,gecsin diyip günälerimiz,toba edelin hudaga..............dokuz aylap goterip,ak suyt berip ulaldan,bu dunyade barlygyňy ilki b/n owreden,\"ene\"beyik keramatdyr,goy olara yaradan,bersin uzak yashlary,yalbaralyn hudaga...............\"ata gazaby\"yaly diyerler her bir zaman,söyer ol perzendini,söygüsini bildirman,zuryat dowam etse yolun,galmaz onda hich arman,galmasynlar armanda,sejde edelin hudaga,...........gör neneňsi hezildi,okuw-mekdep yyllarymyz,ylmy bize owreden,eziz mugallymlarymyz,goy bizlerde elmydam,olar u/n soygimiz,egsilmesin yurekde,dileg edelin hudaga..............dokuz yyllap bile okan,mährem deňi-duşlarymyz,ussatlardan ak pata.alyp guş dey ushduk biz,hazir bolsa uzakda,bilmen nirde galyp siz,aman-esen gezin siz,ynanyplar hudaga!!!Shukir etmek!
- 
                Derman
                17 years ago
                
- menem aydyan, hemme zat uchin Hudaya shukur etmeli. Eger hazirki sende bar zada Hudaya shukur diysen, onda Huday sana bir wagtdan hazirkidenem kop gowy \"zatlary\" beryamish. Zatlaryn ornuna goy soygi bolsun.
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- Shukur etmek hakda mende bir gowja hekayajyk bolmaly men shony son yazarn. Shu wagtlykcha bolsa menden goshgujyk :) Garabekowul aga menema sizden galmajak bolyan hany siz nahili jogaplarkanyz ;) 
 
 Okap bilim alyp, il hatarna goshuldym
 Ilden artyk bolmadym, kem daldigme shukur men
 Indi kichi karim bar, oz bashymy charayan
 Hich kime yuk bolmadym, muna shukur edyan men
 
 Ene-atam razy menden “gyzym” diyip buysanya
 Jigilerim soyya meni “dogan” diyip guwanya
 Joralarym syrdashym “joram” diyip begenya
 Shol adamlan ykbalymda bardygyna shukur men
 
 Iyjek diysem nanym bar, geyjek diysem eshigim
 Yoremage ayak bar, ishlemage elim bar
 Iki egnimde kellam bar, ichinde shyggyldy bar :)
 Mundan artyk name gerek shu zatlara shukur men!
 
 Asmanym bar ayym bar, gundiz bolsa gunum bar,
 Yazda-guyzde yagysh bar, gyshda akja garym bar,
 Yashamaga eziz diyar Turkmenistan oyum bar
 Ka-te gybat etmage talyp.com saytymyz bar :) ya-da
 (Ka-te gurrun etmage talyp.coma shukur men!)
 
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- “RAZY”
 
 Ynsana bagt üçin nämeler gerek?
 At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.
 Her goşgymda kämil bolmana derek,
 Onuň barha kyn düşýänne razy men.
 
 Razy – çynym bilen sadany söýýän,
 Razy – halal saçagymda çöregim.
 Razy – çalarypdyr saçlarym eýýäm
 Razy – hernä üýtgemändir ýüregim.
 
 Razy – günler ýüpek soowsana döndi,
 Razy – ýüregimde özgäň agysy.
 Razy – “Mydam Güneş bolsun-a” döndi,
 Asman bilen şu zeminiň arasy.
 
 Razy – köp büdredim çaga mysaly,
 Ýalňyşdym, ökündim ilkibadalar.
 Şonda gökden inen perişde ýaly
 Duşdy maňa oňat-oňat adamlar.
 
 Razy – köçelerim, ýüregim ýagty,
 Razy – kükregimde diňenok owaz.
 Berdi maňa bir ömürlik bu bagty
 Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz.
 
 Razy – joşdum topragymyň toýunda,
 Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn.
 Eziz maňa şu topragyň goýnunda
 Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.
 
 Gerekli pursatym indim äleme,
 Begendim, söýüldim, çekdim men zary
 Ine, şu zatlaryň meniň täleýme
 Miýesser edenne müňde bir RAZY.
 
 
 
- 
                el_mariachi
                17 years ago
                
- tuwelem gowy goşgular
 men keselim öytyan geçmişime syn edemde , yokarky goşgudada boldy,birhili darykyan geljegim-bilmesemem-geçmişimden 1000 gowy yaly
- 
                garabekewul
                17 years ago
                
- sagbolun beren bahanyz u/n.derman-wah bu yazanjalarymy gowniniz yetip,kitapda chyksa menin u/n uly bagt!harmandali uyam----tuweleme gowy diymek barden gaytyar,yazan goshgylaryna!!!nesip bolsa dowamyny yazaryn,shu gunler wagtym azrak,nesip bolsa yazaryn.bellik---sizin yazanlarynyza hem sabyrsyzlyk b/n garashyaryn!!!
- 
                Tapjangul
                17 years ago
                
- GÜNÜM
 Penjeramden
 jyklap girya
 Şöhlesini saçya mana
 Gözlerimi owkalapjik
 Taze güne diyyan salam
 
 
 Her gün dogyar günüm
 Bu günler taze bolan çaga
 yaly mahri bilen gerip gelya
 mylayymlygy bilen bütin dünya
 diydirtya salam
 
 Gülmek güne öwrülmekdir
 We gün ynsana beryar gyzgynlyk
 Deniz yürekler yaly çukurdyr
 Gün söyşin yaly gyzgyndyr
 
 Senin diyarlarynda gün
 Bir naçe menut ön dogyandyr
 Menin diyarlarymda bolsa
 Senkiden giç batyandyr
 Yöne hemmamizin üstümizden
 Geçyan gün birdir.
 
 Bir günüm batya ömrüme
 Bir garanky gije dogya könlüme
 zaman gysga,yol uzyndyr
 Günüm doganda salam diyer mana
 
 İne şeyle bir dünyade biz
 Birileri ölyaka,Bir yerlerde
 Birileri dogya
 Geçmez diydigimiz ajy,süyji durmuş
 Dowam edyandir yene.:)
 
 
 
 
- 
                kakabay
                17 years ago
                
- tapjangül yaman ovadan goşgy eken!
 bir zad yetenok diyip durdumla(kelläni durlamak üçün)vagtynda yetişäydiň!ömrüň uzak bolsun.
- 
                garabekewul
                17 years ago
                
- dowamy......baksak gorsek gelipdir,bu yetginjek yyllary,soygi hakda pikir edip,atyrdyk kan danlary,sahel gowshak bolaysan,kandir sheytan allary,gitman sheytan alyna,ynanalyn hudaga............. soygi kandir,in sonkysy gyza bolan soygindir,ondan onde ene-ata,watana bolan duygyndyr,ilkinjisi,bashlangyjy ona bolan soygindir,her wagtda her yerde-de,yat edip biz hudaga........... sonra yetip geldik biz,18-in paslyna,watan borjun berjay edip,dowam turkmen aslyna,24 ay,2 yylyn,gunin her bir wagtyna,sabr eyleyip gechirdik,şükür edipler hudaga........ynha hazir otyryn,sizin b/n sozleship,ykbal bize yazypdyr,sizni bizge dush edip,shonun u/n men ony,shu wagt hem yat edip,şükür edipler otyryn.bolsun şükür hudaga!!!
- 
                Maxat
                17 years ago
                
- Razy Men bu Dünyäden… 
 
 Razy men bu dünýäden
 Ömür boyu pikir edip diyjek sözüm diyip gitsem
 Watan duzyn doly haklap, beren duzyn iýip gitsem…
 
 Razy men bu dünýäden
 Üşän wagty ojar bolup dostum üçin köyüp gitsem
 Müń gözeli gowy görüp byr gözeli söyüp gitsem…
 
 Razy men bu dünýäden
 Yamanlara tiken bolup yüreklerne batyp gitsem
 Al gül bolup yagşylaryń toylaryn tutyp gitsem…
 
 Razy men bu dunýäden
 Ajal bilen dikleşemde aglap däl de gülip gitsem
 Bu dünyäde artyk bolman kem boljagym bilip gitsem…
 
 Gurbannazar Ezizow
- 
                Maxat
                17 years ago
                
- men-a razymy, on-a biljek dal
 yöne şükür edene köprak beryamiş
 bar bolup bilenime şükür hem etman
 şol önkijidenem galyp biljek dal
 
 edip bilmediklerim üçin razy bolmasam-da
 yöne şol umytlaryn öçmedigine razy men
 belki ilerde-de yene başa barmasa-da
 yöne şol ynanjyn yitmedigine razy men
 
 
 
 
 
- 
                Harmandali
                17 years ago
                
- “Şükürsizlik”
 
 Älemdäki hadysrlaryň peýda bolmagynda dürli hikmetler bardyr. Hat-da zulum we adalatsyzlyk ýaly görünän hadyslaryň arkasynda-daŇ hakyky adalat bardyr. Hezreti Musa aleýhissalam Tur dagynda barýarka ýolda bokurdagyna çenli guma gömülen bir adama duşýar. Salam berip onda näme üçin guma gömülendigini soraýar.
 Ol adam:
 - Näme üçindir öýdýäň? Geýere hiç zadym ýok. Il içinde ýalaňaç gezenimden, bedenimi şeýdip gumda saklanymy gowy görýän – diýdi we sözüni şeýle dowam etdi:
 - Eý Musa! Tur dagyna Allatagalla gürleşmäge barýan bolsaň, arzy-halymy aýtgyl, maňa bedenimi örter ýaly bir gat eşik yhsan etsin. Guma gömülip ýalňyz ýaşamakdan halys irdim.
 Hz. Musa ol adama arzyny Hak tagala ýetirjekdigini söz berip, ýoluny dowam edýär. Tur dagyndaky mynajatynda:
 - Ýa Ylahy! Seniň rehmet we merhemetiň älemleri gurşaýar. Ýolda ol öňümde duşan ol biçäräni bir gat eşikden mahrum etmeseň bolmazmydy – diýip soraýar.
 Allahutagala Hz. Musanyň bu sowalyna şeýle jogap berýär:
 - Eý Musa! Bu işiň hem öz hikmeti bar. Göräýmäge ol kişa zulum edilýän ýaly görünse-de, aslyýetinde bu edýänim adalatlydyr. Ol adam, şükür etmegi bilmeýär. Onsoň hem baryp ýatan arabozar. Eger men oňa eşik yhsan etsem, bedenini onuň bilen ýapanyndan soňra, halkyň arasyna sümüp, dogany dogana, goňşyny goňşa duşman eder. Jemgyýetiň agzybirligini bozar. Şonuň üçin onuň halkyň arasyna goşulman, gumuň içinde ýalňyz ýaşamagy has haýyrlydyr. Oňa aýt, şol duran ýerine şükür etsin!
 Hz. Musa bu hadysynyň hakykatyna, hikmetine göz ýetirenden soň, yzyna dolananda, ol adama:
 - Dostum, seniň şu ýeriň saňa iň mynasyp lybas eken :) Otur şu ýerde we halyňa şükür et – diýýär.
 Hz. Musanyň buz sözlerine arabozaryň gahary gelýär:
 - Haýsy halyma şükür etmelimişim? Egnimde zerli çäkmenim bardyr öýtdüňmi? Heý şu halymdanam beter ýagdaý bolarmy? Ýene-de, halyma şükür etmelimişim…….
 Hz.Musa ol ýerden gaýdan badyna “Şu halymdanam beter ýagdaý bolarmy?” diýen şükürsiz adamyň töwereginde uly harasat gopýar. Gum depeleri onuň üstüne tarap süýşüpugraýar. Halyna şükür etmän, takdyrdan nalan ol kişi, birnäçe sekundyň içinde has gözgyny ýagdaýa düşýär. :(
 
 
Derman 17 years ago- goshgyn gaty gowy. minnetdar. yene dowamyna sabyrsyzlyk bilen garashyan. eger razy bolsan, onda biz bu goshguny birinji neshir ediljek goshgular kitabyna gosharys.