Ýa, Alla!

Dergähiñe geldim, ýa, Biribar,
Dilegimi duş edewer, ýa, Alla!
Ýüz tutmaga Senden başga kimim bar?
Garyp göwni hoş edewer, ýa, Alla!

Duş etme kezzaba hem ýaman dillä,
Hondanbärsi bolýan akmak guşkellä,
Günümiz galmasyn pöwhe boş kellä,
Bir minnetsiz ýaşadawer, ýa, Alla!

Bu dünýä...

Dowamy »

1159 6
Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 5 years ago

Ahwal.

Barymdan bazar eýledim,
Käte kemsindim ýoguma.
Bir gün duýgularmy bogup,
Ýanasym geldi ýoguna.

Göwnüme hile gurdurdym,
Urdurdym ýodany, ýoly.
Ähli kişä gyýa bakdym,
Ählisi kastymda ýaly.

Jan berjekdim jan berene,
Janyn berjek tapylmady.
Görmesem diýdim dünýäni,

Dowamy »

1167 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

Eger bir gün öwrüläÿsem ak guşa....

Eger bir gun owrulaysem ak guşa
Ilki bilen señ yanyna giderdim
Öñden bari hic gormedik mahirli
Didaryñdan şonda ganyp bilerdim....

Gorup senin ol mylayym bakyşyñ
Gozlerime yaş dolardy dessine
Gidip serden,yene seni gorjek diyp
Gelip bilsem bolyar öñki essime....

Yupek saclaryñy...

Dowamy »

1310 16
Edebiýat, TM. tarapyndan 5 years ago

Ýyldyzlaryň buşlugy

Okapdym bir ýerden: ençe ton howa
Üstümizden basyp duranmyş...
Ýogsam,
Ganat açaga-da, hakyt bizowal
Asman sary uçup gitjekmiş ynsan.

Saňa duşdum
Söýgi syçrap gözlerden,
Köňlümi kökensiz kökeren çagy...
Kirpikleriň bilen itip goýberdiň
Ýüregmiň üstünde kök uran dagy.

Dowamy »

1342 4
Edebiýat, A93 tarapyndan 5 years ago

“Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim...”

Seň sözleriň aram berdi kalbyma,
Derdini dep etdi dertli göwüniň.
Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör,
Meňzeş dünýä tapynanna öwünip.

(Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk
Köňlüm täze yşka rowan göründi...)
Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”,
A seniň kalbyňda “dowam” göründi.

Gözlerime...

Dowamy »

1211 9
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

Meňzäňok.

Başga gözelleri asla islämok,
Maňa ýekeje sen gerek,ynanaý.
Başga gözellere bägül beslämok,
Al,bu bägüllerim saňa do:lan aý.

Gözleriň meňzänok,özge gözlere,
Näzleriňem özge näze meňzänok.
Şoň üçin bakamok özge gyzlara,
Özgelerden asla bagtym gözlämok.

Şahyr,Kerim agaň aýdyşy ýa...

Dowamy »

1376 1
Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 5 years ago

"Dogan dogana gerek..."

Aradan ence yyl gecen hem bolsa, dademin uly ayal dogany Ogulbibi ejekemin dilinden hali-sindi esiden:"Dogan dogana gerek, dogansyz dunya biderek" diyen sozleri hazirem gulagymda yanlanyp dur.
Dadem dagy uc dogan. Orazbibi olaryn korpesi. Bular ene-atadan ir yetim galyarlar. Dadem kawagtlar:"Bizin duldegsir gonsymyz rus ayalydy. Ejemin hacan...

Dowamy »

1216 1
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 5 years ago

“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...”

27 ýaşap çilim çekmedim,
Bu meniň ömrümde uly utuşym.
Ony maksat-myradyna ýetmedik
hem-de öwrenýärmiş “bagry tutaşan”.

“Çek” diýip ýumrugyn çenänem boldy,
Gowşa:n bolsam, şonda çekerdim belkem.
Çekmäge ýeterlik sebäbem boldy:
Terk edibem gördük, edildik terkem.

Dile düşdüm, gür...

Dowamy »

1330 7
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

Ene garnyndaky "söhbetdeşlik"

Eje hakynda tymsal

Bir gezek bir göwreli zenanyň garnynda iki çaganyň düwünçegi (indi dogulmaly çagalar) kemala gelýän ekeni. Olaryň biriniň ady Kiçijik Ynam,beýlekisi Kuçijik Müňkür ekeni.
Bir gezek Müňkür sorapdyr:
—Sen aýtsana dogan, doguluşdan soň hem ýaşaýyş bardygyna ynanýaňmy ?
Ynam:—Elbetde,men doguluş...

Dowamy »

1482 0
Edebiýat, Barbary tarapyndan 5 years ago

Altyn hakynda

1. Altyn dünýäde meşhur metallaryň biri bolup, maddy baýlygyň we gymmatlygyň nusgasy hökmünde müňlerçe ýyl bäri hyzmat edip gelýär. Ol häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň esasy hasaplanýar, sebäbi bu metal poslamaýar, hemişe gymmatyny saklaýar we önümçilikde giňden ulanylýar.
2. Gadymy grekler altyny suw bilen Gün şöhlesiniň garyndysy, inkle...

Dowamy »

1228 3
Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 5 years ago

“Söýgini “B”-den däl, başlapdyk “A”-dan...”

Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok,
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury “at” bolup, dünýäm!

Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?
...

Dowamy »

1239 3
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

“Bagtyň deňlemesin çözüp bilmedim...”

Gurrasy ters düşýän tersa ykbalym
Bagtly pursatlara soranda idin,
Gysymymdan ak bagtymy sypdyrdym.
Ýa söýdümmi seni ýazgytdan bidin?!

Hakykat hyýal däl ýa-da arzuw däl,
Oňatlyga ýorulsa-da düýşlerim,
Beden, ruhum aýrylyp bir-birinden,
Terse çekdi hakdyr öýden işlerim.

Bagtyň de...

Dowamy »

1094 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

“Aýsyz gije Aý dogupdy garşymda...”

Aýsyz gije Aý dogupdy garşymda,
Aý dolupdy keşbin alyp perimiň.
Gujagymda dem alypdy ses-üýnsiz,
Gujagymda ýerleşipdi Zeminim.

Şonda men bagtlydym — kämil bagtdadym,
Duýgularym däliräpdi Jeýhun deý.
Gujagymda gobsunanda gara göz
Serim sermest bolup, göýä meý hum deý,
Meýe dönen hyjuwla...

Dowamy »

1238 6
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

"Eje hakda, ýazmadym ýene!"

"Eje hakda, ýazmadym ýene"


Ençe goşgy döretsemde ýürekden,
Ýeke goşgam "Eje" hakda ýazmadym.
Gaýtam ýazdym, ýaş söýgini wasp edip,
Ol söýgiden derek barmy, bilmedim.

Görmek üçin diňe, dostlarmyň göwnin,
Işleýärdim hem ýazýardym kösenip.
Emma meni adam eden ejeme
Ýeke se...

Dowamy »

1215 6
Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 5 years ago

ÝAGYŞLY GIJE

Ýagşyň akymyna sozulýar yşyk,
Köçelerden gaýralygna suw akýar.
Gözüme bolmasa, reňkler garyşyp,
Çyralaň ýagtysy garaňka ýokýar.

Gijäň ýaňagyndan syrygýar sürme,
Akýar dünýäň guramadyk guaşy.
Bedenim ruhuma öými ýa türme,
Penjiräň daşynda kimiň gözýaşy?!

Aşgabat — öl-myžžyk,

Dowamy »

1284 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

“Şu sapar duşuşygymyzy arzuwlarymyzda geçireli...”

(merhum dostuma...)

Şu sapar duşuşygymyzy arzuwlarymyzda geçireli, arzuw eden ýerimizde çaý içeli, biri-birimize içimizi dökeli. Hakykat bilen bu arzuwlarymyzy köýdürmäli. Diňe ikimiz bolup bilmejek zatlar hakda sözleşeli. Hiç kimiň gaýgysy bilen däl-de, diňe öz gaýgylarymyzy gürleşeli. Men başgalar üçin hasrat çekip ýadadym, örän ýa...

Dowamy »

1266 3
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago

...

Gijemi bizi gama batyryan, ya bizmi gamlanmak ucin gija garasyan???

Dowamy »

1423 37
Edebiýat, Ulugyz tarapyndan 5 years ago

Ýatlama goşgy (pikirňizi ýazaýyň)

Ýatlama goşgy

Ýatan ýeriň ýagty bolsun kakamjan
Jaýyň jennet bolsun , ruhuň şat bolsun
Güler ýüzüň gülüp dursun jennetde
Dünýäde-de ýagşylykda ýatlansyn

Ýanýoldaşyň Ýazgül okaýar doga
Alla penasynda saklasyn diýip
Kakageldi Agageldi Röwşen hem Gülşen
Ýazgeldi hem Esge...

Dowamy »

1166 2
Edebiýat, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 5 years ago

"Bagyşla..!"

Öllense leblerim gözüňden akan ýaşa,
Men diňe seni söýdim, günäm bolsa bagyşla.
Kalbym ýerinden oýnar adyňy her tutuşda,
Men diňe seni söýdim, günäm bolsa bagyşla.


Ne baharda gelersiň, ne ýagmyrda, ýagyşda,
Belki menem aglaryn gözlerim her doluşda,
Bu söýginiň ýelleri az hem bolmazla başda,<...

Dowamy »

1103 2
Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 5 years ago

AŞYK BOLAN ÝIGIDIŇ MATEMATIK GYZA HATY

Salam – tükeniksiz progressiýa,
Eý, gara gözli ýar, niçik ahwalyň?
Tarypyňy hata salyp ýollaýan,
Eý, dünýäm, älemim, açyk asmanym!

Gözleriň giden bir tükeniksizlik,
Seniň ol gözleriň misli bir umman.
Bir bakyşyň müň ýigidi jadylar,
Onsoň men neneňsi durmaýyn dymman?!

Gözüňde sy...

Dowamy »

1355 3
Edebiýat, Pegas tarapyndan 5 years ago