27 ýaşap çilim çekmedim,
Bu meniň ömrümde uly utuşym.
Ony maksat-myradyna ýetmedik
hem-de öwrenýärmiş “bagry tutaşan”.
“Çek” diýip ýumrugyn çenänem boldy,
Gowşa:n bolsam, şonda çekerdim belkem.
Çekmäge ýeterlik sebäbem boldy:
Terk edibem gördük, edildik terkem.
Dile düşdüm, gürrüň boldum diýara,
“Sypdyrdy — diýdiler — bagtyň otlusyn”.
Ýok, münüp ýetişdim,
Mundan buýana
Meň bagtymy gören çilim otlasyn.
Baky AMANÝAZOW
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...”
- 
                Nätänyş adam
                4 years ago
                
- Täsirli
- 
                Aygul nuralyyewa
                4 years ago
                
- SaLaM Nirvana gowy?my ya-da gow?my...@Shahyrana
- 
                Aygul nuralyyewa
                4 years ago
                
- Natany$ adam salam...@Shahyrana
- 
                sammy.kakabay
                4 years ago
                
- Gowy eken
- 
                #BegCon
                4 years ago
                
- ++++++++++++
- 
                TM.
                4 years ago
                
- Dile düşdüm, gürrüň boldum diýara,
 “Sypdyrdy — diýdiler — bagtyň otlusyn”.
 
 Shu setirlerini haladym.Manada diyipdiler.Iller dasyndan ozice baha beryarler.Namanin gowydygyny,yalnysdygyny ozimiz bilip,shona gorade karar beryaris...
Nirvana 4 years ago- Tüweleme, berekella! 
 
 
 
 
 
 
 
 
Baky Amanýazow bu goşgysy bilenem mende täsirli yz galdyrmagy başardy) Haladym..
Ýöne bir zada düşünmedim.
"Mundan buýana
Meň bagtymy gören çilim otlasyn."
Bu setirde näme diýmek isleýär?!
Bagty öwerlikmi ýa...?