Adalat
A-dalat näme aslynda ,gorag galadan gaty
D-oýmaz ondan hiç halaýyk ol milletiň iýmiti
A-dalatyň gijä galsa ýykarsyň adalaty
L-ebiz ynsan zynaty ,ganaty hem halaty
A-dam aglap eser ýazar akylsyzlar okar gülüp
T-aňry adalatsyz däldir hakdygyn bilersiň ölüp
Ynsan wezipesi
Heý unudyp bormy ýokdan bar eden
Älemi ýaradan Ýaradajyny
Aý,Gün ,Ýyldyz ,Ýer şaryny ýöreden
Dünýäni döreden Döredijini
Aldanma şeýtana öziňe bek bol
Ýelek kimin gaýyp ýörme çar ýana
Başarsaň adama kömek etjek bol
B...
Hökümedenler filmi
Filmi görmegi maslahat berýän.
Pul
Lezzetli, ezýetli, minnetli sensiñ
Gapýarsyñ gözlerden garagy sen pul
Kimseler ýa$abam bilmeýär sensiz
Arzuwy,umydy,ýüregi sen pul
Señ syryña dü$ünemok heniz men
Kimler üçin ýigrenji sen ejiz sen
Kimler üçin ýolda$yndan eziz sen
...
Kyyamatda perisdiler
Kyýamatda perişdeler Diýýärsiň durmuşyň manysy näme Bir ýylmy, ýarymmy, Yone ýamanlyk diýen söz bar bolsa, alymlar, akyldarlar bu hakda Dünýä gelip az çekmedim hasraty, Geldiň ikimizi duşurdy günler. ,,Söýgümi näme?!". Bu hekaýa däl. Ýöne setirler toplumy hem däl. Munuň nämedigini saňa düşündirjek bolamok. AKTÝOR Õçe başlady... "Size aglamaýin demeýecegim; çünkü her gözýaşi şerden akmaz" diyordu Gandalf Bolan waka * * * Dünýäň şowhuny azaldy, 6njy synplaryn edebiyat kitabyndaky "Keymir kor" dessanmy nam sony paylasayyndaa hayys please!!!!!!! Biz nähili dostduk?!
Arşyň ýanynda durarlar
Ol syrat köprüsini
Arşyň ýanynda gurarlar
Syrat köpri gyldan inçe
Hem gylyçdan ýiti bolar
Kapyrlar hem ýalançylar
Dowzahyň üstüne geler
Diyyarsin durmusyn manysy name
Meň üçinä dünýe durşuna nama
Näçe ýazdygyňça ýazasyň geler
Alla adamzady ýaratdy nüçin
Berk durup Hak ýadyn kylmagy üçin
Akylly biler we Alla sygynar
Ýene soraýarsyň adalat nird...
ÇOLUGYŇ SÖÝGÜSI
Ýolbarsy bile
Bakdy ol kolhozyň süri malyny.
Dilinde «ýarym»-dy,
sygmazdy çöle
Hem çolukdy, hem ol mejnun dälidi.
Ýogsa sebäp ýokdy beýdip ýörmäge,
Diňe bir gyz çöle gitjek halaty
Ogryn garap, ýylgyrypdy çalaja...
Bir gün baş çopandan alyp rugsady,
Oba...
Kim name etse ozune eder...
sözlän bolsa, ol niredekä, nähili zatka? Ýekeje zat welin düşnükli hem aýan – adam hiç wagt başga birine ýamanlyk edip bilenok. Hüýt-gara nebisden dömen bolaýsyn, seniň her bir ýaramaz pikiriň diňe ony hut öz ýöremeli ýoluna, barmaly menziline ugrukdyrýan ýolbelet bolup galaýýar...
Ajal gelse...
Agladym,
eňredim,
güldüm,
oýnadym.
Kä doglan günüme okap lagnaty,
Kä şol güni dostlar bilen toýladym.
Durmuş geçdi ýowuz sapagyn maňa,
Başymdan inderip müň bir oýnuny.
Göz ýetirdim: adam ölmeýär
diňe
Başga kişä goýup gidýär ornuny.<...
"Men saňa şeýlebir köp garaşdym"
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller,
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.
A men saňa şeýlebir köp garaşdym,
Dogdy, söndi ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen güneş deý maňa elýetmez daşdyň.
Gözýetimden keşbiň gözlände gözlem.
"Seni men dek biri söýdümi näme?!"
Ine, bir gün ähli gaýgym gutarar,
Şonda diýrsiň, "Bulaň gaýgymy näme?!"
"Seni söýýän " diýsem,
"Söýgümiň ýanda"
- diýersiň "Seň söýgiň, söýgümi näme?!"
Ýa al meni ýa-da bir gün öldür sen,
Ýa aglatjak ýa-da çyndan güldir sen,
Duýgularma aşa erkim aldyr...
Gijeki söhbet... /oýlanma/
Bu gije — meniň hyýalymda dogan, arzuwlarymda ýörjen-ýörjen bolan gije. Bu gün daş-töwerek şol gijä garaşýan ýaly. Hatda, otagymam şeklini üýtgetdi. Olam meniň arzuwlaryma görä, arzyly myhman geljek ýaly taýýarlandy, dünýäsini täzeledi.
Gijäni her...
“Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar....”
Ýyldyzlar gijäniň sazyny çalýar.
Kerlik höküm sürýär.
Eşidenok hiç kim.
Ol saz ýüregiňi howsala salýar,
Eden hataň üçin ahmyra giç deý.
Görýänleriň düýş deý, säher oýansaň,
Ýada salyp bilmejek deý hamala
Hemem tala daňylypdyr tamaňam.
Kim saňa düşünsin?
Ýylgyranyň...
Õce başlady
Demirler asmanda ganatlap uçar...
Magtymguly Pyragy
Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar, Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar, Köpler namysyndan geçe başlady...
Düýnjek ýary bilen bagtlydy Gülle...
Aglamak guzeldir
Baýlygyňdan ne peýda, gyzyl bagtyň bolmasa (Bolan waka)
Berdigulynyň maşgalasynda ähli zat ýerlikli dowam edip durdy. Garyplykda önüp ösen oglanyň inni özem, maşgalasam ýag iýip ýüpek geýýär. Kakasynyň erkek dogany Pälwan dädesiniň beren ujupsyzja pul kömegi bilen açan dükany, rysgally bolup, gün-günden essesine ulaldy. Inni bütin maşgalasy söwda bilen işleşýärdi. Berdigulynyň kömegi...
Gülşirin Hanowadan goşgy.
Eý, sen Aýsyz gije, ýeke-täk gije,
Bilýän indi gaýtalanmaz bu pursat.
Wah, neneň razylyk berdikä dilim,
Ýarym gaýtmak üçin soranda rugsat?!
Eý, sen Aýsyz gije, ýeke-täk gije,
Şaýat bolduň syrlarymyň baryna.
Indi ýatlamalam geçip dur ýazga,
Hyýalymda,ylham bilen garyla.
“Ol “häki bir söýgi” eken...”
Ol “häki bir söýgi” eken.
Hasylyna gussa bitip,
Orar ýörer söýgi eken.
Hawa, söýgi şeýle eken,
Al-asmana göterýär-de,
Birdenem zyňyp goýberip,
Goýmaz eken bäri-bärde.
Söýgi gündiz-gije ýaly,
Güni köpe gitmez eken.
Soň garaňky gije gelip,
Giç yasy gadyrly saytdaslar
gayrat edin 6njy klaslaryn kitaby kimde ba bolsa dine 1nji bolumini paylassanyzam yeterlikli!!!!!
kyn gormayinnn
Biz nähili dostduk?!
Neneň ýoldaşdyk?!
Kalba ýerleşmezdi ýürek joşumyz,
Alnymyzda bardy owadan dünýä
Hem-de entek ýaşalmadyk ýaşymyz.
Çüýşäni däl,
üleşerdik gussany,
Ony biz bölekläp çekerdik merdem.
Şatlygmyzam bölüşerdik,
ýöne ol
Biziň herimize ýeterdi birden.