AGLAMA, ÝÜREK, AGLAMA!

Saňa ot salan aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!
Aglasa, galam aglasyn,
Aglama, ýürek, aglama!

Halys irdim puşmandan-a,
Rehim bolmaz duşmandan-a,
Köp arzuwlar paşmanda nä?!
Aglama, ýürek, aglama!

Tutdy meni berke dagym,
Bir sen ahyr arkadagym,
Aglanyňdan, darka ýaryl...

Dowamy »

1081 8
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Indi sen ýatlarsyň men ýatlap boldum....

Ýatlamak islämok ýatlamarynam,
Geçmiş hakda oýlam geçmişde galsyn,
Göwün men geljege gitmek islämde,
Neçün sen geçmişe ilişip galdyň.

Gyýylma ýüregim, aglama dünýäm,
Bir bikemal üçin degmez ýananňa,
Besdir şu çaka çen örtenip köýdiň,
Degmez gözüň ýaşlap şygyr ýazanňa.

Geljek üç...

Dowamy »

1363 1
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 4 years ago

Gyzlar... Gyzlar... Gyzlar... /+18/

GYZLAR... GYZLAR... GYZLAR... +18

1. OL GYZYŇ SAMSYKLYGYNY
Gapdalymdaky telefonda haýsydyr bir jorasy bilen gepleşýän, heniz on sekizi dolmadyk gyz şeýle sözleri aýtdy. Men bu sözlere o diýen geňirgenmesem-de, onuň näme üçin beýle diýenini bilesim geldi. Ol gyz telefonlyk işini bitirip gidibermekçi bolanda:
- Eger gizli...

Dowamy »

1801 27
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Päk ahlagym baýlygym - bolmasa gedaýlygym (+18)

PÄK AHLAGYM BAÝLYGYM - BOLMASA GEDAÝLYGYM

Könäniň zyýanly galyndylary. Bu söz hut düýnki gün hem şeýle haýbatly ýaňlanyp, halkyň çemçeläp ýygnan edep-ekramyny, haýa şerimini , ahlagyny, namys-aryny öwezini dolup bolmajak derejede kemeltdi.
Geliň indi şol ''Könäniň zyýanly galyndylarynyň birnäçesine, ýagny aýal gyzlara degişlis...

Dowamy »

1277 4
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Ejeme hat

Salam, eje.
Belkem, bu haty entekler ýazmaly däldim. Sebäbi gara bulutlaram tüýdülip bilýär käte... Men ýene-de duýgularyma aldandym öýdýän. Duýgularym, ýüregime dolan hasratym, belkem, maňa bu zatlary ýazdyryp oturandyr. Her näme bolsa-da, men maňlaýyma ýazylan ýazgyda kaýyl bolmalydygymy unutmajak boldum. Öz-özüme gaýta-gaýta şony ýatladyp...

Dowamy »

1130 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

■■■■■■■

Pelek, gursagyňa serimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!
Alnyňda ýekirlen ýerimi goýsam,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!

Mähir — lagşan ýürekleriň söýesi,
Mätäç oňa ejizi hem çeýesi.
Men — halys müzzeren göwnüň eýesi,
Jigerbendiň saýyp, ezizle meni!

Zar bolmasa agyz burn...

Dowamy »

1118 7
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

M1NOR- Minimalizm aýdym (wiý rep) sözleri

Текст песни MINOR - minimalism

Ko'rsataolamanu mahoratim
Man hohladim balki
Klavish va poyezd faqat
Tark etinglar lady boys

Marketing va krez box
Надоели по порядку
Коробка удачи
Не взёть по порядки

Da sinmayman kufletim bor
da silmayman kufletim bor
...

Dowamy »

1126 19
Edebiýat, Khanture tarapyndan 4 years ago

DOSTUMA.....

(Dostum Sapa Hommadowa)

Şu gün ýüregim gysyp dur,
Daralyp barýar dünýämem.
Şeýle bir gürläsim gelýär,
Gelsene, özüň bilýäň-ä
Seni janymdan eý görüp,
Bar syrymy dözýänimi.
Men aýdaýyn, diňle senem
Duýgularmyň ezýänini,
Bulut jemlenip depämde,
Gün garasyn görmeýänim,
...

Dowamy »

1242 15
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Pegasyň toýy (Degişme)

Ilki bilen gic yagsy gadyrdanlar iki gunden bari Jeksparro bilen maslahatlasyp diyen yaly gosgy doretdik has dogrusy Jeksparro koprak zahmet cekdi. Hayysymy yykman bileje eden doreden gosgynyz ucin ayratyn minnetdar Jeksparro!
Yene bir zat ady agzalmadyk agzalar bagyslan adynyzy ulanylmany ucin :( Gaty gormersinizda seylerak boldy. Indem es...

Dowamy »

1426 39
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 4 years ago

Aglamaga tapylsady bahana...

Ölen söýgiň agysyny aglardym,
Aglamaga tapylsady bahana.
Ýüregime dözüp, oda daglardym,
Aglamaga tapylsady bahana.

Ahmyr ýaşy gursagyma siňip dur,
Ne-hä köşeşýär ol, ne-de diňip dur...
Bokurdakda bir uly daş doňup dur,
Aglamaga tapylsady bahana...

Sende diňe hasrat barmy, eý dü...

Dowamy »

1158 15
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

“Derdim bar, aglama diýme!..”

Käsedäki çaýyň sowap gidipdir,
Sen çeýneýäň gara çaýyň şemmesin.
Hoşlaşdym-da turup gaýtdym ýanyňdan,
Men ýene-de aýdyp bilmän hemmesin.

Hem şol gije ýene ýatyp bilmedim,
Bir ahwalat ýüregimi çawrady.
Güllüje sandygma arkamy diräp,
Öz goşgymy özüm okap agladym.

* * *

Dowamy »

1191 7
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Döke başlady...

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.

Jemagatsyz azan bir gury sesdir,
Niçe mollaň okan ylmy hebesdir,
Kazylaryň käri çilimdir, nasdyr,
Para görse, dyza çöke başlady.

Işanlary her gapy...

Dowamy »

1194 2
Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 4 years ago

“Sesiňi eşitsem, serim sämemiş...”

Görüp bolsa, bagta sebäp kän eken, 
Geldiň — gussalarym öňküden ýuka. 
Uzak hasrat çekip boljak däl eken 
Ynjyjak sözleriň siňýärkä ruha. 

Gökden ýer peýleýän, bolup uçmakçy, 
Ýere hiç sygamok (ýalňyş oýlama!). 
Bedenim — dowzahlyk, köňlüm — uçmahçy, 
Gülüp, mugthor hasratlary jaýlaýan. 

Dowamy »

1103 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

MAŇA

Maňa goşa şatlyk gerek dünýäde:
Kalbymam heýjana salmaz biri-hä.
Maňa goşa gussa gerek dünýäde,
Ýürek oňa çydam eder dirikä.

Maňa goşa aýlyk gerek,
bar wagty
Birini-hä sowýan öýe-de barman.
Maňa goşa bagt gerek,
bir bagty
Men şahyryň enesine az görýän.

Saýlaryn dü...

Dowamy »

1002 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

#SaDMaN-Jogapsyz söýgi (hekaýa)

JOGAPSYZ SÖÝGI (hekaýa)

‹‹ Söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme››.
(Kerim Gurbannepesow)

Tomusyň ahyrky günleridi.Ýüregiňi gysdyrýan yssy howanyň ýerini güýzüň mylaýym salkyn howasy eýeleýärdi.Agaçlaryň ýapraklary saralyp düşüp ba...

Dowamy »

1300 9
Edebiýat, SaDMaN tarapyndan 4 years ago

“Bokurdagym dolup geldim ýanyňa...”

Huzuryňda boýnum buruk, mähriban,
Eziz käbäm, ýeňletsene dertlerim!
Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýtdi-le
Durmuş
çekerimden agyr dert berip.

Bokurdagym dolup geldim ýanyňa,
Aýyplaşma didelemden ýaş aksa.
Men düşünýän, ýazygym kän sanardan,
Ýöne senem düşün, käbäm,
Ýaşlyk-da!..
...

Dowamy »

1041 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Боля гелин азрак болсада йылгыралын

Гелин чай ичип отыр хем чагасыны эмдирип отыр,гайын атасы гелип агтыгына лак атыпдыр.ханы оглумын меммесини алалын дп барден элини гайта гайта узадыпдыр чагажык хем бермежек болуп берк япышыпдыр.сонкы гезек элини узаданда бирки гезек атасынын эли мемма дегипдир.Муна гахары гелен гелин онундаки чайлы чайнеги атасынын келлесинден гойберипдирде оглуна...

Dowamy »

1490 13
Edebiýat, Aristokratka_a tarapyndan 4 years ago

GÖWÜNLIK

Haýp, şat günleň geçişine sered-ä!..
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz-ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.

Muny göre-göre gelýän durmuşam
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.

Toýuň bolar...

Dowamy »

1063 6
Edebiýat, Pegas tarapyndan 4 years ago

Gabanjañlyk

Gabanjañlyk — bashgalara garanyñda özüñe köp ýamanlyk etmegiñ sungatydyr.

A.Dýuma, fransuz ýazyjysy.
Cheshme: Garagum zhurnaly, 2006 • N°1.
Shonun uchin men gabanjanlygy yigrenyan.
Ahmet Gurbanmyradow.
#Gabanjanlyk,
08.09.2021, 3:14.

Dowamy »

1159 19
Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 4 years ago

Käbäm!

Käbäm
Gel sen dünýäm, sypa başym,
Mähriňe suwsadym, eje!
Çolarypdyr degre-daşym,
Mähriňe suwsadym, eje!

Hüwdüleriňi diňläp, diňläp,
Ýürek sesim bilmen gizläp,
Söý meni ýene ezizläp,
Mähriňe suwsadym, eje!

Ýürek sygman gursagyma,
Käte-käte batýan gama,
Janym...

Dowamy »

1054 3
Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 4 years ago