12 - den

Aýlar üstümizden görünmän geçsin
Goý günlerem galdyrmasyn başyny
Ýyllar yssysyndan eýlesin mahrum
Goý pasyllar eçilmesin gyşyny

Rugsat ber gijeler aýyň bolaýyn
Nurym bilen gujaklaýyn günlerňi
Yssy mähir paýlaýyn men ömrüňe
Seçeýin üstüňden gyşda güllermi

Goý kynçylyk labyryny...

Dowamy »

1396 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago

Ogulsenem Taňňyýewa - Heleý Belasy (Hekaýa)

Bu gün Hangulynyň keýpi diýseň kökdi. Süňňi ýeňil gopýardy. Birsyhly ýylgyrasy gelip durdy. Mydama ukudan galan ýaly pökgerip duran gabaklaryň arasyndan ýyldyrap görünýän gyýak gözleriň şöhlesi ýitidi. Ol öňler işden geldigi kürşerip duran ýüzüni barha gamaşdyryp, töweregine ser hem salman, jaýa girip giderdi. Goltugyndaky gazete dolangy depderleri...

Dowamy »

1330 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Robindranat Tagor “ Heläkçilik” romany

Robindranat Tagor Hindistanyň meşhur ýazyjysy, şahyry, dramaturgy, romançysy hökmünde tanalýar. Meşhur ýazyjynyň birnäçe eserleri dünýä dillerinde terjime edilipdir. Ol diňe bir ýazyjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hindi halkynyň saz sungatynyň ösmeginde uly işler bitirýär. Onuň eserleriniň arasynda köp meşhurlyk gazanan eseri “Heläkçilik” romanyd...

Dowamy »

1104 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

DANA SOZLER

DANA SÖZLER


Ýaşaýşyň gymmatyny bilmegi unutma!

***

Mähir gowy, haçan-da ol çyn ýürekden bolanda.

***

Adamkärçilikli, asylly adam özüniň borjy hakda pikir edýär, pes adam bähbidi hakda oýlanýar.

***

Adalat hemişe ölümsizdir.

...

Dowamy »

1990 0
Edebiýat, bank tarapyndan 5 years ago

Gumdaky aýak yzlary

Bir adam, bir gije düýş görüpdir, düýşünde uzyn deňiz kenaryndaky çägede dosty bilen ýöreýän eken. Olar ýöreýän wagty hem asmanda şol adamyň durmuşy bir film sahnasy ýaly görünýärdi. Deňiz kenary adamyň durmuş ýoly ýalydy. Adam gumda 2 jübüt aýak yzyň bardygyny görýärdi. Bir jübüt özüniňki, bir jübüt dostunyňky. Durmuş filminiň soňky sahnasy hem ge...

Dowamy »

1300 2
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Bu mowzuga at tapmadym

Köpden bäri içimi gyjyklap ýören soraglar bardy, menem düşünjämi ýazaýyn mümkin sizem özüňiziňkini ýazarsyňyz. tema belli bir waka ýa-da kemsitme niýetli däldir öňünden aýtýan soň kellä geýmäliň: 1. Dünýäde ynanar ýaly adam galmandyr-aý.
Şuny diýýän adam düşünip bilemokda, dünýädäki hemme adamlary tanaýarmyka. Häzir takmynan 9.2 milliard ada...

Dowamy »

1310 2
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Aýallarymyzyň näme iş edýänini bileli!

Adamsy agşam işden gelse, öý görer ýaly däldi. Gap-çanaklar ýuwulmandyr, saçak ýygnalmandyr, eşikler tertiplenmändir, düşekler galdyrylmandyr, bar ýer buyr-bulaşyk eken. Üstesine agşam nahary hem taýýarlanmandyr. Bu ýagdaýy gören adamsy, gahar-gazaba atlanyp, öýüň içinde sermenip başlapdyr. Görse aýaly diwanda kitap okap otyr eken.
Adamsy:...

Dowamy »

1533 1
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Ogulsenem Taňňyýewa - Dünýä (hekaýa)

Dünýä ak-gara düşünip ugraly bäri, bir arzuw bilen ýaşaýardy. Mugallym bolup, obanyň çagalaryny okadasy gelýärdi. Obadan uly okuwa gidip, mugallym bolup dolanyp gelýänlere onuň gözi gidýärdi. Orta mekdebe gatnalmaly ýyllar, aýlar, günler azaldygyça, gyzyň ýüreginiň bükgüldisi artýardy. Özüne mugallym bolmak bagtynyň miýesser etjek-etmejegini serind...

Dowamy »

1575 5
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Gynandyryjy zatlar, Isleseňiz okaň!

Söýgüliň üçin janyňy berip bilermiň diýdiler:
- Ýok, Diýdim. Sebäbi, Janymy Alla berdi. Ol özüm üçinem amanat....
Tenim Ene-Atamky, olardan başga kişi üçin ölüp bilmerin!

Ata üçin iň agyr zat näme diýdiler:
A, Men bolsa:
- Gülüp, oýnap ýören perzentiniň tabydyny göterip mazara ertmegidir diýdim!

Dowamy »

1414 4
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

Gülmek Ömürden #6 (1.11.2020ý)

Bir güni iki sany siňek b*k iyip oturan eken. Birinji siňek aýdýarmyş. Ýene bir sany b*k bolsady diýse beýleki iýip oturan siňek goýsana saçagyn başynda olar ýaly zat aýtma ýüregim bulaşýa diýipdir.

Dünýäde her hili adam bar. Käsi bagtly käsi bagtsyz ýöne olaryň içinde iň owadan iň ajayyp gözellige eye bolan bir adam bar. Ol häzir şu...

Dowamy »

1585 0
Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 5 years ago

ÝAŞARDYM HUT DIRI ÝALY

ÝAŞARDYM HUT DIRI ÝALY

Gursagma sygmady ýürek,
Zyñaslarym geldi sogrup.
Başarmandyr ejem meni,
Dogranda ýüreksiz dogrup.

Eger şeýdip dogran bolsa,
Ýürekden ýanmazdy janym.
Duşmanyma dost bolmazdym,
Bolardym zalyma zalym.

Gaýgy bilen gaýnatmazdym,
Durmuşyñ...

Dowamy »

1121 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

Giç uklaýan adamlar ir ýatýanlardan has akyllydyr

Giç uklaýan adamlarda ir ýatýanlara garanyňda akyl derejesi has ýokarydyr. 

Amerikaly talyplar üçin geçirilen synagyň netijesi, akyl derejesi ýokary bolan adamlaryň has ukypsyz deň-duşlaryndan has giç uklaýandygyny görkezdi.

Londonyň Ykdysadyýet we syýasy ylymlar mekdebiniň psihology Satoşi Kanajava, aňtaw derejesi bil...

Dowamy »

1364 1
Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 5 years ago

WATAN

WATAN

Çar tarapa dostluk goluny berýän,
Türkmenistan — baky Bitarap Watan!
Jebisleşýär dünýä ýurtlary bilen,
Türkmenistan — baky Bitarap Watan!

Zähmet joşýar bu Berkarar döwletde,
Bitaraplyk bilen belent hormatda,
Gaýratlydyr döretmekde-gurmakda,
Türkmenistan — baky Bitara...

Dowamy »

952 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

BITARAPLYK

BITARAPLYK

Sähralar parahat,
Tokaý parahat.
Işde-de rahat,
Öýde-de rahat,
Asuda geçip dur ýyl, günler, sagat —
Budur hemişelik Bitaraplygymyz.

Güýzlerem hasylly,
Gyşlaram gorly,
Baharlar bägülli,
Tomuslar nurly,
Ýeriň üsti-asty hazyna-gorly
Budur...

Dowamy »

924 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

HEMIŞELIK BITARAPLYGA BUÝSANÇ

HEMIŞELIK BITARAPLYGA BUÝSANÇ

Agzybir, asuda, Bitarap ýurtda,
Bolsady ekilen ýalydyr edil.
Millet öz kalbyna aram tapýandyr,
Döwletiň Lideri bolanda adyl.

Bitaraplyk adyllykdan başlanýar:
Deň göz bilen bakmak ähli halklara.
Dostluk golun gerip, hemaýat bermek,
Ruhy goldaw be...

Dowamy »

995 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

Dowan dogruçylyñ toý gutlaýşy / satiriki hekaýa

Gadyrly ýoldaşlar, toýdaşlar! Ýaş çatynjalaryñ şu günki tutýan dabaraly "komsomol" toýuny tüýs ýürekden gutlamak bilen birlikde men "Göz etmän, gaş etmez, deñ etmän, duş etmez" diýenleri ýaly, durmuş gurýan ýigit bilen gelnimiziñ, edil bir almany iki bölen ýaly, bir-birine diýseñ mynasypdygyny belläp geçmekçi. Daşyndan görseñ, "Şu ýigidiñ gazan ýal...

Dowamy »

1646 3
Edebiýat, ETIKA tarapyndan 5 years ago

"Dünýede"

Dünýede

Bir nijäni sen üstüňden agtardyň,
Köpü aglap köpü güldü dünýede.
Oýnadyp ýaýnadyp topraga gardyň,
Adam Ata döräp öldü dünýede.

Iň agyr nalyşdyr ynsan nalyşy,
Bu nalyşy eşitmesin hiç kişi.
Zar aglamak bolar mydam endişi,
Jennetden kowuldy dünýede.

Kabyl ge...

Dowamy »

1337 0
Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 5 years ago

Içinde - Gülüstan MÄTÝAKUBOWA

Içinde

Köňlüm, ne iş bitirdiň, geldiň jahan içinde.
Magtymguly.

Mähir görkezip janym, zar-u-girýan içinde,
Ýagşylyga ýar bolup, galdym arman içinde,
Hatalam hatar-hatar, müň puşeýman içinde,
Başym göwräme ýetmes, daş-degirmen içinde,
Umydymyň gülleri gara duman içinde,
Köňlü...

Dowamy »

1026 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

Ynandyrma meni - Gülüstan MÄTÝAKUBOWA

Ynandyrma meni

Ynandyrma meni ýalan mähriňe,
O mähir umytda ýanmazmy soňra?!
Bir pursat görünýän aýbölek ýaly,
Gözi guwandyryp, sönmezmi soňra?!

Ynandyrma meni ýalan sözlere,
Puşman baglamasyn gözlerim nurun.
Bu yssy lebizler sowaşyp barha,
Öz bolşuma özüm gyýylyp durun.

Dowamy »

1015 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago

Ýagşysyn - Gülüstan MÄTÝAKUBOWA

Ýagşysyn

Ýeri çarhypelek aýlandyryp dur,
Nowruz älem diýrler aýyň ýagşysyn.
Adam ömri, elbet, kysmata bagly,
Ata mekan diýrler jaýyň ýagşysyn.

Eý, Ýaradan rahman, gudrat keremiň,
Gören haýrandadyr bagy-eremiň,
Ýerasty, ýerüsti ylham bereniň,
Daşgyn derýa diýrler saýyň ýagşysy...

Dowamy »

968 0
Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 5 years ago