WATAN 
Çar tarapa dostluk goluny berýän, 
Türkmenistan — baky Bitarap Watan! 
Jebisleşýär dünýä ýurtlary bilen,
Türkmenistan — baky Bitarap Watan!  
Zähmet joşýar bu Berkarar döwletde,
Bitaraplyk bilen belent hormatda,
Gaýratlydyr döretmekde-gurmakda,
Türkmenistan — baky Bitarap Watan!  
Agzybirlik, asudalyk ýar saňa,
Buýsanç bilen älem garaýar saňa,
Köňüllermiz aýdym joşýar waspyňa,
Türkmenistan — baky Bitarap Watan! 
* * *
Buýsançlydyr başym, serim belentde, 
Eger-eger söýgim asla peselmez:
Ýaýlalara,
Tokaýlara,
Güllere,
Gözellere,
Bedewlere,
Göllere —
Bu Watana, bu Bitarap mekana. 
Arkadag besledi döwletli döwran:
Bir söýgi,
Bir millet, 
Berkarar döwlet.
Bizi bagtyň gujagyna dolduran,
Bagtyýarlyk döwri — beýik mertebe.
Söýgim synmaz şu günde-de, erte-de —
Bu Watana, bu Bitarap mekana. 
Halallyk, päk zähmet, döwrüň eşreti,
Kepil bolup, nurun saçýar ertäme.
Eger-eger söýgim asla peselmez:
Hezillige,
Gözellige, toýlara,
Köşgi-eýwanlara, ýmaratlara,
Şagalaň-şowhunly bagtly öýlere,
Sport desgalara, saglyk ýollara,
Zähmet gaýnap joşýan atyz çillere —
Bu Watana, bu Bitarap mekana.
Türkmeniň adyny arşa ýetirýän 
Hem-de eşret derýasyny akdyrýan
Gahryman, mähriban Arkadagym bar!
Ýaşap ýörkäm Arkadag saýasynda,
Buýsançlydyr başym, serim belentde.
Eger-eger söýgim asla peselmez! 
Türkmenistan atly beýik döwlete —
Bu Watana, bu Bitarap mekana. 
Allaberdi PAŞŞYKOW 
 Garagum 8 2020  
www.alem.su