Sanly bilim ulgamy geljegiň kepili
Häzirki zaman dünýäsinde tehnologik ösüşler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna, aýratyn hem ylym-bilim ulgamyna düýpli özgerişleri girizýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak — bu diňe bir döwrüň talaby bolman, eýsem ýaş nesillere halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap bilim...
Joşgunly zähmetiň netijesi
Ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamynda hem üstünlikli işler gazanyldy. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillerimize dünýä ülňülerine laýyk bilim bermekde birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň bilim işgärleri jan aýaman zähmet çekýärler.
2024 — 2025-nji okuw ýyly hem üstünlikli tamamlandy. Häzirki günlerde...
Ilkinji häzirki zaman himigi Jabir ibn Haýýan
Jabir ibn Haýýan— Gündogar dünýäsiniň iň beýik alymlarynyň biri we häzirki zaman himiýasynyň düýbüni tutujy hasaplanýar. Günbatar dünýäsinde Geber ady bilen tanalýar. Ýewropada ony ilkinji uly alhimik hökmünde görýärler.
Jabir ibn Haýýan takmynan 721–nji ýylda Horasanyň Tus şäherinde dünýä inýär we 815-nji ýylda häzirki Yragyň Kufa şäherinde...
Ýazlar joşsa jahanda
Türkmeniň tebigaty, ýaşaýan tebigy giňişligi bilen arabaglanyşygynyň täsin aýratynlyklary bar. Türkmeniň ruhy hem maddy medeniýeti onuň ýaşaýan tebigat giňişliginden reňk alypdyr. Şonyň üçin hem her pasylyň özine mahsus gözelligi, aýratynlygy bolşy ýaly ýaz paslynyň hem bir göwne, bir ýürege sygyp bilmejek gözelligi bar. Ol gözellik duýgusy ynsanyň...
Halala zähmet bagtyň we abraýyň gözbaşy
Halal zähmet diňe bir eklenç çeşmesi bolman, eýsem ynsanyň ruhy dünýäsini we ahlak keşbini kemala getirýän iň uly mekdepdir. Ösüp gelýän ýaş nesil üçin halal zähmetiň gadyr-gymmatynyň çuňlugyna düşünmek, olaryň geljekde kämil şahsyýet bolup ýetişmekleriniň esasy şertidir. Halal gazanç bilen taplanan durmuş adama ruhy rahatlyk, özüňe bolan ynam we j...
Ahal-teke Bedewi — Jahan Nusgalyk Hazyna
Ahal-teke bedewi — bu diňe bir haýwanat dünýäsiniň iň kämil nusgasy däl, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren iň belent medeni gymmatlygy, milli galkynyşyň we sarsmaz ruhuň janly nyşanydyr. Adamzat taryhynda hiç bir halk öz atyna türkmenler ýaly çuňňur we mukaddes garaýyş bilen çemeleşmändir. Türkmenistanyň yssy çägelikler...
Ene durmuşyň gözbaşy
Ene mukaddesligi we zenan mertebesi — bu dünýäniň durkuny saklap duran belent sütünler, ynsan kalbynyň iň tämiz hem-de iň gymmatly duýgularynyň jemlenen mekanydyr. Adamzat döräli bäri zenan maşgalanyň mertebesi we enäniň mukaddesligi baradaky gürrüňler hiç wagt öz ähmiýetini ýitirmeýär, gaýtam, döwürleriň we nesilleriň üýtgemegi bilen bu mukaddesli...
Watan mukaddesdir
Watan mukaddesligi — bu her bir ynsanyň gursagynda urýan iň tämiz we iň belent duýgydyr. Ol diňe bir doglup ösen ýeriň, toprak gatlagyň däl, eýsem, ata-babalarymyzyň gany bilen suwarylan, taryhyň dowamynda ar-namysyň we gaýratyň simwolyna öwrülen mukaddes ojakdyr. Türkmen halky üçin Watan mukaddesligi "Watan — imandandyr" diýen pähim bilen berkidil...
ARKADAG ŞÄHERI MILLI LIDERIMIZIŇ SUNGAT ESERI
Goja taryha nazar aýlasak, ençeme täze şäherleriň, galalaryň gurulmagyny meşhur şahsyýetleriň tagallasy, atlary bilen baglanyşykly bolandygyna göz ýetireris. Gadymy Ahalyň ýaýlasynda, Köpetdagyň eteginde bu täze şäheriň taslamasyny düzmek, ony gurmak Gahryman Arkadagymyzyň abyrsyz aladasy, taýsyz tagallasy bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin halk...
ARKADAG ŞÄHERI EZIZ WATANYMYZYŇ GÖWHER GAŞY
«Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gurmak, döretmek ajaýyp ýyllaryň goýnunda il-ýurt bähbitli beýik işlere ulaşýar. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarl...
Okyjylara sorag, goşgynyň ady ýa-da awtory?
Gozelligi sor bagryňa,oýkeniňe
söýülseň söý, söýülmeseň süýkenme,
Söýgi hem goşgudyr kişä öýkünme
Öz möhrüňi, öz közüňi goýup git.
''Saçyň näme seýrekläpdir'' diýýäňmi?
SAÇYÑ NÄME...
Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Muňa bir söz bilen jogap bermek kyn.
Ir giden atama bergidar galdym,
Bir tar saç şoň üçin düşendir mümkin.
“Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi?
Wah, sorama, onuň sebäpleri kän.
Ejem bir şatlyga garaşýan güni
Öýde az-kem ha...
Aglaýan çaganyň sesin eşitsem...
Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Eýýäm bitin däl-de, döwükdirin men.
Oka dogry barýan, owlagny gorap,
Gözleri aýyply keýikdirin men.
Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Çekijiñ gaçyran syrçasydyryn.
Özi süýşüp baryp lukmasy bolýan, -
Ýylanyñ "okaýan" serçesidirin...
Aglaýan çagany...
Gijeler kitaplaň gatyna siňdi...
Gijeler kitaplaň gatyna siňdi,
Ýatdan çykdy seýil, bagy, teatr
Men başga bir dünýä sataşdym indi,
Hem özüme gaýdyp geldim teý ahyr
Men özüme gaýdyp geldim ahyry,
(Uly bagt eken garanmak yzyň)
Unudyp gijeleň hasrat-ahyny
Gaýtargysyz söýgüsinden bir gyzyň.
Men özüme gaýdyp geldim...
Sypatynyň pisini aşyryp, şol gepläp otyr, gepläp otyr…
DÖNÜKLIK
Öňünde keçäni dyrmalap oturyşyna, çagalaryna eşitdirmezlik üçin pyşyrdamagyň bäri ýanynda ýetişibildiginden gürleýär: -Bir zada düşün, özüňe sütem edip, ýaşaşamak islemeýän adamyň bilen ölseňem ýaşaşyp bolmaýar. “Çagalaryň hatyrasyna” diýip, özüňe zor salyp ýaşaşmagyň hötdesinden geläýen ýagdaýyňda-da, bü eýýäm ýaşaýyş bolman, tüken...
Seni ýitirmeklikden gorkýan.
Kyn geçjek günlerden asla gorkamok,
Emma sensiz geçjek günlerden gorkýan.
Bizi bir-birekden aýra düşürjek,
Awy ýaly ýaman dillerden gorkýan.
Gorkamok,tenime düşjek ýaradan,
Ýüregime düşjek ýaradan gorkýan.
Kösençli ýollardan asla gorkamok,
Sensiz ýöremeli ýodadan gorkýan.
Sensi...
O’ HENRI / ÝETMIŞ GÜNE DURÝAN BIR ÝALAN GIJE
Jenap Tawers Çendler ýatylýan otagjygynda agşamky dabaralara geýýän jalbaryny ütükleýärdi. Bir ütügi gaz pejiň üstünde gyzyp durdy, beýleki ütügi bilenem jalbarynyň epinini ýazjak bolýardy, bar güýji bilen ony öňe-yza ýöredýärdi. Biraz salymdan barysy taýýar boldy. Ol epiniň gaýyş köwşünden ýakasy giň açylan ýeňsiz gursakçasyna çenli göni uzap gidi...
Dury suw hem zäherdir, Çendenaşa geçilse.
Şerabyň ýüze çykyşy şeýledir: Üzüm iň ýakymly miwedir. Üzüm howanyň üýtgemegi we gyş leşgeriniň hüjüm etmegi bilen zaýalanýan eken, gyş hem bahar pasyllarynda üzümi ulanyp bolmaýan eken. Onuň şiresini hemme wagt ulanar ýaly üzümiň suwuny alypdyrlar. Şeýlelikde, üzümiň suwuny alyp, bir gapda goýupdyrlar. Jemşit her gün gelip, ony görer eken. Ilki üz...
Elfler hakyndaky rowaýatlar, gürrüňler...
Elf - gadymy we Orta asyrlaryň Ýewropasynda dörän köpsanly rowaýatlaryň we gürrüňleriň esasynda, ýa-da hakykatdanam bolup geçen wakalara daýanan barlyklara berilen atdyr.
Elf mifologiýasyna ýakyndan synlanymyzda Tolkieniň guran mifologiýasynyň Taňrysy Erunyň ýaradan Taňryýetçilik barlyklara ýagny, başgaça Walara (Vala) garşy baş galdyrandyk...
Belki oña-da... (gülküli kyssa)
Türkmen ömrüni toý aladasy bilen ýaşaýar. Öýlenip beýläñe bir näzenini geçireñsoñ, perzende garaşyp başlaýarsyñ. Öýüñe jägildi dolaram welin, ur-tut perzent toýuna başlarsyñ. Öñler-ä "ogul boldy toýy"diýerdiler, indi ogul-gyz parh ýok, haýsyna ýüzümiz düşse, toýuñ aladasy bilen boluberýäris. Ondan soñ diş toý diýdi, saç toýy diýdi, garaz türkmeniñ...