Raşid Meredow Astanada Gazagystanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27-nji maýda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk e...
Eýranyň işewür wekiliýeti Aşgabada geldi
27-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň işewür wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Wekiliýeti Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn sö...
Troýa söweşinde ulanylan harby esbaplar häzirki grek esgerlerinde synag edildi
Gresiýanyň alymlary Giçki bürünç eýýamynyň söweş hereketlerini modelirlediler we harby deňiz güýçleriniň esgerlerini Troýa eýýamynda ulanylan gorag esbaplarynda we ýaraglarynda söweş hereketlerini gaýtalamak üçin çagyrdylar.
Arheologlar 1960-njy ýylda Gresiýanyň günortasyndaky gadymy Mikenden birnäçe km uzaklykda ýerleşýän Dendra obasynyň go...
Starlink indi adaty smartfonlarda işleýär: SpaceX wideo jaňy görkezdi
SpaceX Starlink hemra ulgamyna täze aýratynlyklary goşup, ony ösdürmegini dowam etdirýär. Şu hepde kompaniýa adaty smartfonlarda, hiç hili modifikasiýasyz, Starlink -iň kömegi bilen edilen wideo jaňy görkezdi. Wideony X-da görüp bolar.
Görkeziliş SpaceX-iň Waşington ştatynyň Redmond şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirildi. Wideo jaň biri-bi...
Ilkinji Dream Chaser DC-100 kosmos uçary uçuşa taýýarlanýar
Sierra Space kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Dream Chaser DC-100 orbital kosmos uçary soňky synaglardan geçmek üçin ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kennedi kosmos merkezine geldi. Eger ähli ulgamlary bökdençsiz işlese, ol şu ýylyň ahyrynda Halkara kosmos stansiýasyna (ISS) ilkinji uçuşyna çykar diýip, NASA-a salgylanýan Hi-Tech habar berýär.
...
Ýaponiýada duzsuz iýmiti duzlaýan “akylly” çemçe oýlanyp tapyldy
Enjam gowşak elektrik togy bilen diliň tagam reseptorlarynda hereket edýär, bu adamy iýmiti asyl ýagdaýyndan has duzly duýmaga mejbur edýär: "Bu, batareýany ýalamak ýaly" diýip, Mail.ru ýazýar
Elektrik gyjyndyrmasy gaty ýeňil we bedene zyýan bermeýär.
Işläp düzüjiler, bu usul bilen tagamy ýitirmän duz sarp etmegi azaldyp boljakdygyny...
1-nji iýundan Aşgabat - Awaza - Aşgabat aralygynda awtobuslar gatnap başlar
«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-njy iýundan başlap, Aşgabat – Awaza – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawyny ýola goýýar. Bu barada "Türkmenawtoulaglary" agentliginiň saýtynda habar berilýär.
Aşgabat - Awaza - Aşgabat ugry boýunça awtobus hepdäniň ähli günleri sagat 06:00-da Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaý...
Türkmenistanyň Tehnologiýalar merkezi hyzmatlary barada habar berdi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini emele getirýän innowasion binýatlaryň esasy düzüjileriniň biri bolup durýar.
Tehnologiýalar merkeziniň esasy wezipesi ýokary derejeli ylmy pikirleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan we ylmy barlaglary geçirmekden ybaratdyr. Merkeziň düzüminde...
Türkiýe daşary ýurtly raýatlara ýany bilen birden artyk smartfon getirmegi gadagan eder
2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan aýyndan başlap, Türkiýä barýan raýatlara ýurduň çägine ýanyň bilen diňe 1 (bir) mobil telefonyny almaga rugsat berler. Täze düzgün elektron tehnikalaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen girizildi diýip, AiF rus neşiri Karamanin Sesi neşirine salgylanyp habar berýär.
Täze düzgüne laýyklykda, ikinj...
Toyota "Hilux REVO BEV" modeliniň köpçülikleýin öndüriljekdigi barada mälim etdi
2025-nji ýylyň ahyrynda elektrik güýç gurluşly täze Toyota Hilux kysymly awtoulagyň çykmagyna garaşylýar. Onuň önümçiligi satylýan awtoulaglaryň 50%-i pikaplaryň paýyna düşýän ýeri bolan Tailandda ýola goýlar diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan IXBT habar berýär.
Täze Hilux REVO BEV-iň ýöreýiş ätiýaçlygy 200 km töweregi bolar. Muny...
Blue Origin 90 ýaşly kosmos syýahatçysyny uçurdy, ol baryp 1961-nji ýylda kosmosa uçurylmaly eken
19-njy maýda Blue Origin kompaniýasy alty adamdan ybarat ekipaž bilen New Shepard suborbital kosmos gämisini uçurdy. Bu barada TASS habar berýär.
Uçuryş Wan-Horn şäheriniň (Tehas ştaty) golaýyndaky kosmodromdan amala aşyryldy. Uçuş 11 minut töweregi dowam etdi we kosmos gämisi, takmynan, 100 km belentlige çykdy. Bu Blue Origin-iň 2022-nji ýy...
ABŞ-da AIW-iň sanjymy ilkinji gezek adamlarda synag edildi
Dýuk uniwersitetinde (ABŞ) AIW sanjymynyň prototipi işlenip düzüldi we adamlarda geçirilen deslapky synaglarda geljegi uly netijeleri görkezdi. Cell žurnalynda neşir edilen makalada beýan edilen bu derman eýýäm birnäçe hepdäniň içinde AIW-e garşy antibedenleriň öndürilmegini stimulirläp biler.
Sanjym wirusyň gabygynyň, hatda mutasiýa wagtynd...
OpenAI-yň ykjam gurluşlardan girdejisi GPT-4o işe girizilenden soň güýçli ösüşi görkezdi
OpenAI tarapyndan GPT-4o-nyň işe girizilmegi modeliň Internet torunda erkin elýeterlidigine garamazdan, kompaniýanyň ykjam gurluşlardan gelýän girdejisiniň taryhda iň uly ösüşine getirdi. GPT-4o teksti, sözleýşi we wideony işlemegi başarýar we hakyky wagtda ses bilen emosional reaksiýa berýär. Bu täzelik has köp ulanyjylary tölegli ChatGPT Plus ýaz...
Neuralink kompaniýasy ikinji adama çip oturtmak üçin ygtyýarnama aldy
Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy öz çibini ikinji hassa implantasiýa etmek (oturtmak) üçin FDA ygtyýarnamasyny aldy. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Operasiýa iýun aýyna meýilleşdirilýär, şu ýylyň ahyryna çenli bolsa Neuralink şeýle operasiýadan 10 sanysyny geçirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň bazasynda eýýäm 1000-den gowrak isleg bil...
Windows 11 Recall funksiýasynyň kömegi bilen “fotografiki ýada” eýe bolar
Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin ulanyjynyň kompýuterdäki ähli hereketlerini yzarlamaga we ýazga almaga mümkinçilik berýän täze Recall funksiýasyny hödürledi. Bu barada 3Dnews habar berýär.
Recall kompýuteri “fotografiki ýatly” gurluşa öwrüp, ulanyjynyň eýýäm işleşen maglumatlaryny, faýllaryny we mazmunlaryny çalt tapmaga mümkinçilik...
Meksikadaky tako satylýan kiçijik garbanyşhana Michelin ýyldyzy berildi
Business Insider-iň habar bermegine görä, Mehiko şäherindäki kiçijik takohana kompaniýanyň ilkinji meksikan ýolgörkezijisiniň çäklerinde Michelin ýyldyzyny aldy.
56 ýyl ozal Meksikanyň paýtagty San Rafael etrabynda döredilen El Califa de Leon garbanyşhanasy täze önümlerden we elýeterli bahadan ýasaýan ýönekeý, ýöne tagamly takolary bilen me...
Halkara Buker baýragy Jenni Erpenbekiň “Kaýros” romanyna gowşuryldy
Nemes ýazyjysy Jenni Erpenbek “Kaýros” romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu barada abraýly baýragyň resmi web sahypasynda yglan edildi diýip, The Guardian ýazýar.
Erpenbek bu baýragy alan germaniýaly ilkinji ýazyjy boldy. Ýazyjy 50 müň funt sterling baýragy eseriň terjimeçisi Maýkl Hofman bilen paýlaşar.
“Kaýros” kita...
“Çelsi” tälimçi Poçettino bilen şertnamany ýatyrdy. Ol “MÝ” ýolbaşçylyk edip biler
Angliýanyň “Çelsi” futbol kluby toparyň baş tälimçisi Maurisio Poçettino bilen şertnamany ýatyrdy. Çözgüt ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasynda kabul edildi diýip, futbol klubunyň metbugat gullugy habar berýär.
“Çelsiniň” eýelerine bu klubuň taryhynyň bir bölegi bolmak mümkinçiligi üçin minnetdar. Indi toparyň geljek ýyllarda Angliýanyň çempiona...
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministrini Aşgabada çagyrdy
20-nji maýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D. Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri I. Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler...
“Karib deňziniň garakçylary” iki täze film bolup çykar: Depp ýok, ýöne Margo Robbi bar
Prodýuser Jerri Brukhaimer “Karib deňziniň garakçylary” filminiň äleminde iki täze filmiň işini tassyklady.
Entertainment Weekly bilen bolan interwýusynda, ol birinji taslamanyň franşizanyň rebuty (täzeden açylyşy) boljakdygyny aýtdy. Ssenarini “Ölüler erteki gürrüň bermeýär” (“Мертвецы не рассказывают сказки”) bölüminiň sýužetiniň üstünde i...