Internetde anonimlik aýdylýan sözler üçin jogapkärçiligi ep-esli peseldýär we ýaşlaryň arasynda özüňe erk etmegiň derejesini gowşadýar, sözde haýbat atmagyň we trollingiň artmagyna sebäp bolýar. Moskwanyň Psihologiýa we pedagogika döwlet uniwersitetiniň (MGPPU) russiýaly bilermenleri şeýle netijä geldiler. Olar öz barlaglarynyň netijelerini "Dil we tekst" žurnalynda çap etdiler. Alymlar lakamlaryň aňyrsynda gizlenmegiň ýaşlaryň hakyky durmuşda kabul edilen jemgyýetçilik kadalaryny äsgermezlik etmegine mümkinçilik berýändigini, bu bolsa zyýanly mazmunyň we ýalňyş maglumatlaryň ýaýramagyna getirýändigini anykladylar. Bu synaga 18-22 ýaş aralygyndaky 179 talyp gatnaşdy. Bu barlag iki tapgyrdan ybarat boldy: deslapky pikirsoraşma we ýiti temalar boýunça işjeň internet çekişmesi. Gatnaşyjylar iki topara bölündi: "anonim" gatnaşyjylar ýalan atlar bilen aragatnaşyk sakladylar, gözegçilik topary bolsa hakyky sosial media profillerini ulandy. 30 minutlyk söhbetdeşlikleriň lingwistik seljermesi toparlaryň hereketlerinde düýpli tapawudy ýüze çykardy. Anonim toparda gaharly habarlar umumy habarlaryň 45%-ini düzdi (bu gözegçilik toparynda 18%-di), şeýle hem tekstleriň 30% -inde gödek sözler hasaba alyndy, bu açyk maglumatly toparyň görkezijisinden dört esse ýokarydy. Psihologlar wizual aragatnaşygyň ýoklugynyň we lakamyň "nikabynyň" ylalaşyp bolmajak garaýyşlaryň diňe berkidilýän “ýaň-kameralarynyň” döremegine goşant goşýandygyny belleýärler. Mazmunyň seljerme maglumatlary anonim gatnaşyjylaryň 70%-iniň öz sözleri üçin jogapkärçiligiň örän pes derejesini görkezendigini tassyklady. Russýaly alymlaryň pikirine görä, bu barlaglaryň netijeleri sanly gurşawda negatiw hereketleriň öňüni almak üçin täze çäreleri işläp düzmegiň zerurdygyny görkezýär we sanly pedagogikanyň ösmegi üçin mümkinçilikler döredýär.