Russiýanyň ýaşaýjylarynyň uruş barada iň gowy görýän filmleri Leonid Bykowyň «Urşa diňe gojalar gidýärler» we Stanislaw Rostoskiniň «Bu ýerde şapaklar asuda» filmleridir. Şeýle maglumatlary 1600 adamyň gatnaşmagynda barlaglary geçiren «SuperJob» we «Kion» platformalaryna salgylanýan «RIA Nowosti» getirýär. Russiýalylar Beýik Watançylyk urşy barada iň gowy görýän filmlerini agzadylar Russiýalylar Beýik Watançylyk urşy barada iň gowy görýän filmlerini agzadylar Atlary getirilen filmler degişlilikde, 16 we 14 göterim ses aldylar. Olaryň ilkinjisini erkekleriň, ikinjisini zenanlaryň halaýandygy belli boldy. Russiýalylar Beýik Watançylyk urşy barada iň gowy görýän filmlerini agzadylar Üçünji orunda Sergeý Bondarçugyň 11 göterim ses gazanan «Olar Watan üçin söweşdiler» filmi ýerleşdi. Ondan soňra sanawda «Git we seret» (režissýor Elem Klimow) we «Serkerdeler» (rež. Wladimir Rogowoý) gelýär – bu filmler 4 göterim ses aldy. Tatýana Lioznowanyň «Baharyň on ýedi pursady» we Ýuriý Ozerowyň «Halas ediş» atly köp bölümli filmleri 2 göterim ses bilen ondan soňra ýerleşdiler. Russiýalylar Beýik Watançylyk urşy barada iň gowy görýän filmlerini agzadylar Russiýalylar Beýik Watançylyk urşy barada iň gowy görýän filmlerini agzadylar Pikiri soraşylanlar şeýle hem iň halaýan filmleriniň hatarynda «Adamyň ykbaly», «Brest galasy», «Ýykgynçy», «Esgerjik», «T-34», «Bir, iki, esgerler barýardylar...», «Stalingrad», «Esger hakda ballada» we «Durnalar uçýarlar» ýaly filmleri görkezdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir