Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti Reuters-iň seljermelerine salgylanyp habar berýär. 2026-njy ýylyň tomus möwsümine bolan islegi artdyrmak üçin ýerli turoperatorlar we myhmanhana eýeleri bahalary köpçülikleýin aşak düşürip başladylar. Olar 20–25% möçberinde arzanladyşlary hödürleýärler, käbir ýagdaýlarda bolsa ýollanmalary hatda öz bahasyna (peýda goýmazdan) satýarlar. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, mart aýynyň başynda daşary ýurtly syýahatçylaryň «garaşmak» ýörelgesini saýlandyklary sebäpli, bronlaryň sany takmynan iki esse azaldy. Şeýle-de bolsa, aýyň ahyryna çenli ýagdaý az-kem durnuklaşyp başlady. Mart aýy boýunça ýurda 2,46 million daşary ýurtly syýahatçy geldi (5% ösüş). Birinji çärýekde syýahatçylaryň jemi sany 6,84 million adama ýetdi (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,2% köp). Bu möwsümde pudagyň girdejisi 4,2% artyp, 9,9 milliard dollara ýetdi. Ýöne birinji çärýegiň oňyn netijelerine garamazdan, bilermenler ikinji çärýekde bazara bolan basyşyň güýçlenip biljekdigini duýdurýarlar. Hususan-da, Ýewropanyň nemes dilli ýurtlaryndan gelýän bronlaryň sanynda takmynan 5% peselme hasaba alyndy. Türkiýäniň häkimiýetleri 2026-njy ýyl üçin syýahatçylykdan geljek girdejini 68 milliard dollar derejesinde kesgitlediler. Hünärmenleriň pikiriçe, bu belent maksada ýetmek üçin telekeçiler işjeňlik bilen täze bazarlary gözlemeli we baha syýasatyny has-da kämilleşdirmeli bolarlar.