«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat goldady, 54-üsi garşy çykdy we bir adam saklandy. Ses bermegiň netijeleri milli telekompaniýalarda göni ýaýlymda yglan edildi. Soňra Madýar ýurduň hökümetiniň täze baştutany hökmünde kasam kabul etdi. Ol bu wezipede 16 ýyllap yzygiderli dolandyran Wiktor Orbanyň ornuny eýelär. Orbanyň ýolbaşçylygyndaky «FIDES — Wengriýanyň raýat birleşigi» partiýasy bolsa indi oppozisiýa geçýär. «Tisa» partiýasynyň parlament saýlawlaryndaky ýeňşinden soň, Peter Madýar Wengriýanyň syýasatynda täze eýýamyň başlanandygyny mälim etdi. Täze hökümet birnäçe ykdysady meseleleri, aýratyn-da, döwlet býujetiniň ýokary ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseläni çözmeli bolar. Şunlukda, ol geljekde Wengriýanyň ýewro zolagyna girmek mümkinçiligine seredilip bilinjekdigini hem aradan aýyrmady. Daşary syýasatda bolsa Madýar beýleki döwletleriň işine gatyşmazlyk ýörelgelerine eýermegi maksat edinýär we şol döwletlerden hem Wengriýa garşy şeýle çemeleşmä garaşýar.