Şwesiýada buzdan myhmanhana açyldy: ol aprele çenli eräp gidýär
Şwesiýanyň demirgazygynda her ýaz paslynda ereýän, birnäçe aýdan soň täzeden gurulýan buzdan täsin myhmanhana – Icehotel gaýtadan açyldy.
500 tonna buzdan ýasalan myhmanhana Ýukkasýärwi etrabynda ýerleşýär. Bina 12 sany art-lýuks otagdan, 20 sany standart otagdan, dabaralar üçin zaldan we 220-den gowrak täsin heýkellerden ybarat.
Myhm...
Ilkinji gezek, kelleçanagy açmazdan, göz hanasyndan aralaşyp, beýniniň çişi aýryldy
Britaniýanyň Lids şäheriniň (Ýorkşir graflygy) hirurglary göz hanasyndan aralaşmak arkaly beýnidäki çişi aýyrmak boýunça dünýäde ilkinji operasiýany amala aşyrdylar. Bu barada The Guardian habar berýär.
Näsag 40 ýaşly şepagat uýasy Ruwimbo Kawiýa bolup, 2023-nji ýylda oňa beýniniň aralaşmasy kyn ýeri bolan öýjükli sinusda meningioma kesel ke...
Türkmen ilçisi Kataryň Baş prokurory bilen duşuşdy
20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Katardaky ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Baş prokurory Ysa bin Saad Al Jafali Al Nuaými bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada diplomatik wekilhanada habar berilýär.
Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanda 2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýilip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Hem...
Donald Trampyň gyzyl Ferrari F430 awtoulagy auksiona çykaryldy
Rockstar Car Auctions auksion öýi öň Donald Trampa degişli bolan Ferrari F430 awtoulagyny auksiona çykardy. Başlangyç baha 1 mln dollar diýip, Carscoops portaly habar berýär.
Söwda 16-njy fewraldan 9-njy mart aralygynda geçiriler.
Alyjy diňe bir sportkary däl, eýsem ulag serişdesiniň asyl pasportyny we Donald Trampyň adyna resmileşdir...
Bloomberg: Tramp kriptowalýutany ABŞ-nyň döwlet ähmiýetli ugruna öwürmek isleýär
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kriptowalýutany Birleşen Ştatlar üçin ýurt ähmiýetli ugra öwürjek permana gol çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.
Çeşmelere görä, resminamada bu ugurda syýasaty işläp düzmek bilen meşgullanjak kriptowalýuta boýunça konsultatiw geňeşi döretmek teklip edilip bilner. Şeýle-de, hökü...
BYD, Nissan we Volkswagen: 2024-nji ýylda Hytaýda iň köp satylan sedanlar we hetçbekler
2024-nji ýylda Hytaýda ýeňil awtoulaglaryň satuwy 3,1% ýokarlanyp, 22,6 milliona ýetdi. Esasy ösüşi Hytaýyň öz öndürijileri üpjün etdi diýip, CarsNewsChina belleýär.
Ýerli brendleriň satuwy 23,1% ýokarlanyp, 17,97 milliona ýetdi. Premium kategoriýa degişli awtoulaglaryň satuwy bolsa 2,3% ýokarlanyp, 4,74 milliona ýetdi.
Sedan we hetçb...
Türkmenistanda gümrük gullugynda täze Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda täze döredilen Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy.
Täze merkezde gümrük edaralarynda alnyp barylýan işlere gözegçilik etmäge, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar babatda maglumatlary toplamaga we seljermäge, maglumat çeşmelerini, intellektual tehnologiýalar ulgamyny we rentgen-göz...
Donald Tramp kasam kabul edip, ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti boldy
Donald Tramp kasam kabul edip, ABŞ-nyň 47-nji prezidenti wezipesine girişdi.
Kasam kabul ediş dabarasy, öňden gelýän däbe görä, Kapitoliýniň basgançaklarynda däl-de, içinde geçirildi. Munuň sebäbi howanyň sowuk bolmagy bilen düşündirilýär. Bu barada saýlanan Prezident dabaradan üç gün öň yglan edipdi.
Ilki bilen, wise-prezident Jeý Di...
Nýu-Ýorkda howa taksisi şäher eteginden Manhettene 5 minutda ýetmegi teklip edýär
Blade Urban Air Mobility kompaniýasy Nýu-Ýork şäheriniň etegindäki barly ýaşaýjylar üçin dikuçar gatnawlaryny işe girizýär. Indi olar dyknyşyklardan gaçyp we wagty tygşytlap, Manhettene çalt we rahat ýetip biler diýip, Bloomberg habar berýär.
Demirgazyk Nýu-Jersiniň we Nasso okrugynyň ýaşaýjylary günbatar Manhettene dikuçarda bary-ýo...
Netflix “Narniýanyň Ýazgylary” filmini ilkinji gezek öz platformasyndan öň kinoteatrlarda görkezer
Greta Gerwigiň täze “Narniýanyň Ýazgylary” (Хроники Нарнии) filmi 2026-njy ýylyň noýabr aýynda prokata çykar. Täze film Netflix-de täze ýyldan öň neşir edilmez diýip, Variety neşiri habar berýär.
Habara görä režissýor Greta Gerwig Narniýanyň Ýazgylary kitaplary esasynda düşüren filmini ilki kinoteatrlarda görkezmek üçin Netflix-iň ýo...
Bitkoiniň bahasy 105 müň dollara bardy
Bitkoiniň bahasy ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň ertir geçiriljek kasam kabul ediş dabarasynyň öňüsyrasynda möhüm 100 müň dollar derejesinden geçip 105 müň dollara ýetdi diýip, Investing.com habar berýär.
2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda kriptowalýutanyň bahasy 94 müň 566 dollardy, emma anna güni ol 105 müň dollardan geçip...
Hytaýyň ilatynyň sany 2024-nji ýylda 1,39 mln adam azaldy
Hytaýyň ilatynyň sany 2024-nji ýylda 1,39 mln adam azalyp, 1,40828 mlrd boldy.
HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň hasabatynda bir ýylda ýutda 9,54 mln adamyň dünýä inendigi we 10,93 mln adamyň ölendigi bellenilýär. Çaga dogluş we ölüm koeffisiýenti 6,77 we 7,76 promille boldy.
“Erkek ilatyň sany 719,09 mln (0,1 göteri...
TikTok ABŞ-da gadagan edilenden bir gün soň ýene açylyp başlady
Gysga wideo döretmek we görmek hyzmatyny hödürleýän TikTok ABŞ-da petiklenenden bir gün soň, işini gaýtadan dikeltmäge başlady. Bu barada TikTok-yň X sosial torundaky resmi hasabynda mälim edildi.
“Hyzmat üpjün edijilerimiz bilen ylalaşyp, TikTok hyzmatlaryny gaýtadan dikeltmek ugrunda işleýäris. Biz prezident Trampa, hyzmat üpjün ed...
ABŞ-da rekord aralyga uçup bilýän robot mör-möjek döredildi
Alymlar dünýäde mör-möjekleriň, esasanam arylar bilen kebelekleriň azalmagyndan alada edýärler. Bu ýagdaý oba hojalygynda uly mesele döredip biler, sebäbi ösümlikleri tozanlandyrmak üçin mör-möjekler zerurdyr. Bu meseläni çözmek üçin alymlar ownuk robot mör-möjekleri işläp düzýärler. Bu robotlar ösümlikleri hakyky mör-möjekler ýaly tozanlandyryp bi...
Aý ýumrulmak howpy abanýan obýektleriň sanawyna goşuldy
Bütindünýä ýadygärlikler gaznasy Aýy howp astyndaky medeni miras obýektleriniň sanawyna goşdy. The New York Times neşiriniň ýazmagyna görä, Aý kosmos syýahatçylygyndan we hemrada alnyp barylýan işlerden zyýan çekýär.
Gaznanyň prezidenti we ýerine ýetiriji müdiri Benedikt de Monlor 90-dan gowrak möhüm obýektiň howp astyndadygyny belledi. Olar...
Marsda gadymy suw howdanlaryndan galan tolkunlaryň yzlary tapyldy
Halkara alymlar topary Marsda hereket edýän Curiosity enjamyndan alnan maglumatlaryň kömegi bilen bu planetada bir wagtlar suwly kölleriň bardygyny subut edýän delilleri tapdylar. Bu barada Science Advances žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.
Curiosity enjamy Geýl kraterindäki daşly gatlaklarda tolkunlaryň we ýeliň netijesinde ýalpak su...
Alymlara 150 müň ýyl ozal ýaşan gominidiň ýüz keşbini dikeltmek başartdy
Paleosuratkeş Jon Gurçe, takmynan, 150 000 ýyl ozal aradan çykan gominidiň keşbini dikeltmek üçin Adamlar - Homo longi gadymy adam jynsynyň ("aždarha adam" diýlip hem atlandyrylýar) daşa öwrülen galyndy kelleçanagynyň plastik nusgasyny ulandy.
Häzirki wagtda alymlar “aždarha adamy” Homo sapiens, neandertallar we denisowçylar bilen birlikde b...
Donald Tramp öz kriptowalýutasyny çykardy
TRUMP tokeni çaklanylyşy ýaly ünsi tiz özüne çekdi. Tanyşdyrylanyndan bary-ýogy birnäçe sagatdan soň, kriptowalýutanyň bahasy 11 647% ýokarlandy diýip, Economic Times ýazýar.
Taslamanyň kapitallaşdyrylyşy 3 sagatdan gysga wagtda 8 milliard dollara, iň ýokary derejesinde bolsa 13 milliard dollara baryp ýetdi.
Habar çap edilenden soň, T...
Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlaryny açmak boýunça gepleşikleri geçirýär
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň wekilleri iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak hakynda gepleşikleri geçirmek üçin Ýaponiýa baryp gördüler. Duşuşyk 13-16-njy ýanwar aralygynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynda habar berdiler.
Türkmen wekiliýeti özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini işläp taýýa...
Mel Gibson bilen Silwester Stallone Trampyň Golliwuddaky ýörite wekili bolar
ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda “Golliwud boýunça ýörite wekillerini” belländigini habar berdi. Olar Mel Gibson, Silwestr Stallone we Jon Woýt ýaly aktýorlar we režissýorlar diýip, The New York Times habar berýär.
Syýasatçy: "Jon Woýtyň, Mel Gibsonyň we Silwester Stallonyň Golliwud (Kaliforniýa ş...