Prezident Tamaş Şuýok Parlament tarapyndan Konstitusiýa girizilen 17-nji düzedişe laýyklykda, 18-nji iýuldan gijä galman işden gitmelidir, eger şeýle etmese, oňa garşy impiçment tertibine başlanylar. Bu barada Wengriýanyň Premýer-ministri Peter Madýar aýtdy. Madýaryň: «Oňa (Prezidente) Esasy kanuna girizilen bäş günlük möhlet şenbe güni agşam dolýar (18 iýulda)» diýen sözlerini TASS getirýär. Öň Wengriýanyň Parlamenti Konstitusiýa Prezident Şuýoky wezipesinden çetleşdirýän 17-nji düzedişi girizipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir