Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew we Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ministri Giwi Mikanadze arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär. Bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini giňeltmek boýunça geçirilen gepleşikleriň dowamynda ministrler iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, talyplaryň we mugallymlaryň akademiki ykjamlygyna (tejribe alyşmagyna), bilelikdäki ylmy barlaglaryň, maslahatlaryň, tejribe okuwlarynyň we bilim maksatnamalarynyň guralmagyna aýratyn üns berdiler. Lukmançylyk, energetika, nebit-gaz işi, arhitektura we gurluşyk, ulag, sanly tehnologiýalar, emeli intellekt, STEAM-bilim ulgamy hem-de kiberhowpsuzlyk ugurlary özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Resmi saparyň çäklerinde bilim edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň bukjasyna gol çekildi: Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama. Çeşmäniň bellemegine görä, bu resminamalar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki alyş-çalyşyklary giňeltmäge hem-de bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tbilisi şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyna degişli jemi 20 sany resminamadan ybarat bolan ylalaşyklar toplumyna gol çekilipdi.