Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Tbiliside döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Tbiliside ýerleşýän Gahrymanlar meýdançasyna gül goýup, Watan üçin göreşijileri hatyralady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gruziýa döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri bilelikde Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli Halkara howa menziline bardylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň Premýer-ministri mähirli hoşlaşyp, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek bellediler hem-de birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerden Türkmenistana ugrady. Biraz wagtdan döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini ýurduň resmi adamlary garşyladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir