Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Tbiliside döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministrini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edişlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Premýer-ministrini özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Gruziýanyň Premýer-ministri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günlerine gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýe bolandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Irakliý Kobahidze medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem çakylygy kabul edip, Gruziýa sapar bilen gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.