Fransiýanyň Milli ýygnagy köpýyllyk çekişmelerden soňra dünýeden meýletin gitmek isleýän adamlara kömek etmek barada kanuny kabul etdi. Resminamany deputatlaryň 291-si goldady, 241 deputat garşy çykdy diýip, «Kazinform» agentligi habar berdi. Kanuna indi Fransiýanyň Konstitusion geňeşi tarapyndan garalar, eger makullansa, güýje girer. Kanuna laýyklykda, meýletin dünýeden gitmäge kömek sorap Fransiýanyň kämillik ýaşyna ýeten, soňky tapgyrdaky bejerip bolmaýan we çydam edip bolmajak derejedäki fiziki ýa-da psihiki agyrylary getirýän keselden ejir çekýänler ýüz tutup bilerler. Kanun Fransiýada güýçli jedelleri döretdi. Ony ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron goldaýar, emma katolik kilise, lukmançylyk jemgyýetiň bir bölegi we sagçy partiýalaryň köp wekilleri garşy çykýarlar. Pikiri soralyşyklara görä, bu kanuny fransuzlaryň köplügi goldaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir