90-a golaý ýurt emeli aňyň täsiri baradaky jarnama gol çekdi

Nýu-Delide geçirilen sammitiň netijeleri boýunça emeli aňyň täsiri baradaky jarnama kabul edildi. Bu barada Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berdi.
Jarnama jemi 88 ýurt we halkara guramasy tarapyndan goldanyldy. Gatnaşyjylar EA-ny dolandyrmakda ählumumy global ileri tutulýan ugurlary öňe sürmäge taýýardy...

Dowamy »

32 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi.
Dabaraly çäre italiýan kompozitory Juzeppe Werdiniň «Trawiata» operas...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Britaniýa XIX asyrda Nigeriýadan alnyp gidilen 116 sany ýadygärligi yzyna bermäge razy boldy

Kembrij uniwersiteti XIX asyryň ahyrynda britan goşunlary tarapyndan Afrikadan alnyp gidilen 116 sany taryhy sungat eserini Nigeriýa gaýtaryp bermek barada karar kabul etdi. Bu gymmatlyklar sebitiň medeni mirasynyň iň möhüm bölekleri hasaplanýar.
Gaýtarylyp beriljek eserleriň arasynda XV–XIX asyrlara degişli bolan meşhur Benin bürünçleri — b...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Bir söweşden soň beýleki» filmi alty BAFTA baýragyna mynasyp boldy

Londonda britan we halkara kinematografiýasynda gazanylan üstünlikleri belleýän BAFTA baýragynyň 79-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy.
Film 14 ugur boýunça dalaşgär görkezildi we alty sany baýraga mynasyp boldy, bu bolsa dabara gatnaşyjylary...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar.
Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi.
Aşa Şarma kim? Ol mundan ozal emeli aňyň...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär.
«Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak ada...

Dowamy »

30 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ilon Mask: «Starship-iň täze nesli mart aýynda ilkinji uçuşyny amala aşyrar»

Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi.
Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir. Aslynda uçuş has ir meýilleşdirilipdi, emma 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilen s...

Dowamy »

27 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

NASA Aýa uçjak missiýasynyň ýangyç guýmak synaglaryny şowly diýip tassyklady we uçuşy mart aýyna meýilleşdirdi

NASA Space Launch System (SLS) agyr göteriji raketasyny ýangyç bilen doldurmak boýunça gaýtadan geçirilen doly göwrümli synagyň üstünlikli tamamlanandygyny resmi taýdan tassyklady we taryhy Artemis II missiýasyny taýýarlamagyň jemleýji tapgyryna girişdi. Synaglaryň dowamynda inženerler göteriji raketany 700 müň gallondan gowrak suwuk wodorod we kis...

Dowamy »

36 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy suratlaryň hiline gysgaç...

Dowamy »

39 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Sen Amerika gerek!»: Tramp Ronalduny «iň beýik» diýip atlandyrdy we ony ABŞ-a çagyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu täsirli wideoýazgy arkaly ýüzlendi. Bu barada «Marca» neşiri habar berýär.
Prezident özüniň «X» we «TikTok» sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda Ronaldunyň we özüniň gatnaşmagynda döredilen, eýýäm internetde m...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna düşürilen film halkara baýraklaryny aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly film ýakynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy. Şu mynasybetli 21-nji fewralda «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistany...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmen dalaşgärleriniň arasynda Belarusdaky lukmançylyk we IT hünärleri öňdeligi eýeleýär

«Innowasion Çözgüt» kompaniýasy 2025/2026-njy okuw ýylynyň kabul ediş çäresiniň netijesinde Belarusda ýokary bilim almaga bolan islegiň artandygyny belläp geçdi. Türkmenistanyň raýatlarynyň iň uly gyzyklanmasy lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary, inženerçilik, daşary ýurt dilleri we mugallymçylyk ugurlaryna degişli hünär ugurlara boldy.
Se...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Florida ştatynda saparda boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan sapary hyzmatdaşlygyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň dowamynda birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçen netijeli häsiýete eýe bolan duşuşyklaryň jemler...

Dowamy »

44 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Al-Arabiýa» teleýaýlymy türkmen halkynyň Milli Lideri bilen söhbetdeş boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han bilen söhbetdeş boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Žurnalist türkmen halkynyň Milli Liderine Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirk...

Dowamy »

41 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny tamamlap, ol ýerden Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

Şu gün paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly filmiň ýakynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp bolmagyna bagyşlandy.
E...

Dowamy »

38 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Döwlet Baştutany Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B. Annamämmedow bellenilen ýoly we onuň ugrundaky täze köprini gur...

Dowamy »

35 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibi mälim edildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda, hususan-da, baharyň birinji aýy üçin meýilleşdirilen medeni çäreleriň Tertibi hödürlendi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.
Wise-premýer B. Seýidowanyň hasabatyna görä, mart aýynda ýurtda şu aşakdaky çäreler göz...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG bilen 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
...

Dowamy »

34 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2026–2027-nji okuw ýylynda türkmen ýaşlaryny Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek baradaky teklibi makullady diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär. Bu baradaky maglumat sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi.
Bu mesele boýunça wise-premýer B...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago