Geljek hepdede Seul şäherinde Günorta Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň birinji sammiti geçer. Oňa sebitiň döwletleriniň bäşisiniň hem liderleri gatnaşarlar. Bu barada Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon teleýaýlym arkaly ýüzlenmesinde habar berdi. Koreýanyň döwlet Baştutany sammitiň sebitiň ýurtlary bilen özara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Sammitiň dowamynda söwda, maýa goýumlar, energetika, zerur gazylyp alynýan peýdaly magdanlar we ýük gatnawlary ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine uly üns beriljekdigi bellenýär. Şu ýylyň fewralynda Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Ço Hýon sammitiň 16-17-nji sentýabrda Seulda boljakdygyny habar berdi. Prezident Li Çže Mýon sammitiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir