Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Ýaponiýada uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Sanae Takaiçiniň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutany minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklarynyň netijeleriniň türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň innowasion tehnologiýalarda hem-de döwrebap inženerçilik ugurlarynda toplan baý tejribesine ýurtda ýokary baha berilýändigini hem-de ykdysadyýet, söwda we senagat ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, özara mümkinçilikleriň we amatly şertleriň bardygyny belledi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir