Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlaryny bökdençsiz işletmek maksady bilen resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen gol çekilen resminama laýyklykda, ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir