Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy bellenildi. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Seýidowa hasabat berdi. TDH-de habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli şu ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar geçiriler. Aýyň esasy çäreleriniň hatarynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýollary» atly aýdym-sazly dabara, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabaralary, Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralary, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konserti we beýleki çäreler bar. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, döwletiň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini aýtdy we wise-premýere Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.