Apple täze MacBook modellerini Samsung-yň gatnaşmagynda dörediler

Günorta Koreýanyň «The Elec» neşiriniň habar bermegine görä, «Samsung» geljekki «MacBook» modelleri üçin OLED displeýleriniň üpjünçilik zynjyryna goşulmaga taýynlanýar.
Soňky ýyllarda «Apple-iň» «MacBook Pro» we «MacBook Air» noutbuklarynyň LCD displeýlerini OLED displeýleri bilen çalyşmagy meýilleşdirýändigi barada habarlar ýaýrady. «The El...

Dowamy »

254 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Aşgabatda Türkmenistanyň we Italiýanyň tanymal pianinoçylarynyň bilelikdäki konserti guralar

Şu ýyl Italiýanyň Aşgabatdaky diplomatik edarasynyň açylanyna 10 ýyl bolýar. Bu şanly sene mynasybetli birnäçe syýasy, medeni, işewür we bilim çäreleri geçiriler. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari «Magtymguly Pyragynyň parahatlyk ýörelgesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýt...

Dowamy »

231 0
Täzelikler, 1 year ago


Samsung uzalyp bilýän ekrany bolan smartfonyň üstünde işleýär

«Samsung» uzalyp bilýän ekrany bolan smartfonyň üstünde işleýär diýip, «GizmoChina» neşiri habar berýär.
Syzdyrylan patentlere görä, «Samsung-yň» geljekdäki eplenýän smartfonynda diňe bir displeý – içki displeý bolar. Eger ulanyja asyl nusgasyndan has uly meýdany bolan ekran gerek bolsa, ol rulon görnüşinde togalanan ekrany ýörite mehanizm b...

Dowamy »

241 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Vivo täze smartfonyny yglan etdi

«Vivo» kompaniýasy hytaý bazary üçin «Y100» seriýaly täze smartfonyny tanyşdyrdy. Enjam «Vivo Y100t 5G» diýlip atlandyrylýar we eýýäm «Y100» we «Y100i» görnüşlerini öz içine alýar. «Vivo Y100t 5G» smartfony bu hatardaky iň uly enjam boldy we has gowy aýratynlyklara eýedir. Bu barada «GizmoChina» habar berýär.
«Vivo Y100t 5G» FHD+ durulygy we...

Dowamy »

241 0
Tehnologiýa, 1 year ago


"Türkmenhowaýollary" 4 sany halkara gatnawlaryna arzanlaşyk yglan etdi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy täze açylan we hereket edýän Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanlyşyklaryň girizilendigini habar berdi.
Arzanlaşyklar 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli hereket eder diýlip, gullugy...

Dowamy »

223 0
Täzelikler, 1 year ago


Iwan Aýwazowskiniň “Aýly gije” atly kartinasy 1 million dollara satyldy

Meşhur suratkeş Iwan Aýwazowskiniň 1878-nji ýylda çeken “Aýly gije” kartinasy Moskwadaky auksionda 92 million rus rubluna (takmynan, 1 million dollar) satyldy. Bu barada “Auksion Holding”-iň metbugat gullugyna salgylanýan RIA-nyň “Nowosti” gullugy habar berýär.
“Aýly gije” atly kartina Konstantinopol we onuň diňleri görünýän deňiz peýzažydyr...

Dowamy »

245 0
Täzelikler, 1 year ago


Eýfel diňi syýahatçylar üçin ýapyldy

Eýfel diňiniň işgärleri bu binagärlik ýadygärligini dolandyrmagyň ykdysady strategiýasynyň üýtgedilmegini talap etmek bilen iş taşlaýyş yglan etdiler. Bu barada Agence France Presse salgylanyp, TASS habar berýär.
Diň işgärleriň “diňi dolandyrmagyň häzirki strategiýasyny ýazgarýandygy” sebäpli baryp görmek üçin ýapykdyr. Işgärleriň pikiriçe,...

Dowamy »

247 0
Täzelikler, 1 year ago


“Napoli” möwsümde ikinji gezek tälimçisini çalyşdy

Slowakiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýän Françesko Kalsona Italiýanyň “Napoli” toparynyň baş tälimçisi wezipesinde Walter Mazzarriniň ornuny çalyşdy. Bu barada futbol klubunyň prezidenti Aurelio De Laurentise salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Slowakiýanyň Futbol birleşigi Kalsona şu möwsümiň ahyryna çenli “Napoli” toparyna tälimç...

Dowamy »

249 0
Täzelikler, 1 year ago


Asus we Hario emeli aň oturdylan akylly kofe maşynyny hödürlediler

Asus kompaniýasy akylly kofe maşynynyň täze neslini - V60-y döretmek üçin Hario Corporation bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim etdi. ITHome-iň habar bermegine görä, täze önüm içerki emeli aň bilen üpjün ediler.
AI-niň kömegi bilen kofe enjamy ulanyjynyň göwnüne ýarajak içgi reseptlerini maslahat bermek üçin, ulanyjynyň isleglerini seljerip...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, 1 year ago


Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Fon der Lýaýen ikinji möhlete dalaş eder

Ýewropa Komissiýasynyň (ÝK) başlygy Ursula fon der Lýaýen bu wezipede ikinji möhlet üçin dalaşgärligini hödürlejekdigini aýtdy. Muny TASS ýetirýär.
Fon der Lýaýen 2019-njy ýylda ÝK-nyň başlygy bolmak mümkinçiligi berlende, intuitiw razy bolandygyny, häzir bolsa doly ýagdaýda aňly we oýlanyşykly karara gelendigini, öz dalaşgärligini ikinji mö...

Dowamy »

202 0
Täzelikler, 1 year ago


Spotify bilen adalatsyz bäsdeşlik üçin Ýewropa Apple-e 500 million ýewro jerime salar

Ýewropa komissiýasy Spotify ýaly üçünji tarap aýdym-saz akym programmalarynyň işlemegini kynlaşdyrýandygy üçin Apple-e, takmynan, 500 million ýewro jerime töletmäge taýynlanýar diýip, ITHome habar berýär.
Bu Spotify tarapyndan 2019-njy ýylda berlen şikaýatyň netijesinde Ýewropa Komissiýasy tarapyndan Apple-e berlen ilkinji jerime bolar. Bäsd...

Dowamy »

206 0
Täzelikler, 1 year ago


Apple dizaýnda we işleýşinde birnäçe üýtgeşiklik aljak iPhone 16 Pro

smartfonlarynyň täze hataryny çykarmaga taýynlanýar. Wccftech portalynyň habaryna görä, iň görnükli täzelikleriň biri esasy kameranyň täze dizaýny bolar. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, iPhone 16 Pro-da her kamerasynyň öz tegelek göwresi bolan öňki modellerden tapawutlylykda, ähli kameralar üçin bir blok bolar. Bu smartfona Majin Bu-nyň X s...

Dowamy »

235 0
Täzelikler, 1 year ago


Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlar doly gadagan edilýär

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň ulanylmagyna doly gadaganlyk girizýän görkezmäni neşir etdiler. Bu barada Birleşen Korollygyň Bilim ministrliginiň metbugat relizine salgylanyp, TASS habar berýär.
Resminamada bellenilişi ýaly, Angliýanyň mekdeplerinde ykjam telefonlaryň gadagan edilýändigi baradaky...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, 1 year ago


Protezli adamlara ýylylygy we sowugy duýmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa döredildi

Italiýaly we şweýsariýaly alymlar el-aýagy amputirlenen adamlara protezleri arkaly galtaşýan zatlarynyň temperaturasyny duýmaga mümkinçilik berýän özboluşly MiniTouch ulgamyny döretdiler. Tehnologiýa amputasiýadan soň ýitirilen ýylylygy we sowugy duýmak duýgusyny dikeldýär diýip, 4PDA habar berýär.
MiniTouch ulgamy proteziň ujunda ýerleşýän...

Dowamy »

193 0
Täzelikler, 1 year ago


Xiaomi we Leica smartfon kameralaryny gowulandyrmak üçin institut döredýärler

Xiaomi we Leica ykjam enjamlar üçin optiki tehnologiýalary ösdürjek we öwrenjek Xiaomi x Leica Optical institutyny döretmek üçin tagallalaryny birleşdirdiler. Bu barada Xiaomi web sahypasyna salgylanýan 4PDA portaly habar berdi.
Institut dört esasy ugra ünsüni jemlär: ykjam görnüş-faktorynda ultra takyk optiki linzalary ösdürmek, hasaplaýyş...

Dowamy »

203 0
Tehnologiýa, 1 year ago


ÇL-iň 1/8 finaly: "Inter" "Atletikony" utdy, PSW we "Borussiýa" deňme-deň oýnady

21-nji fewralda Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň Italiýanyň "Inter" topary bilen Madridiň "Atletikosynyň" arasynda ilkinji oýny geçirildi. Toparlar Italiýanyň Milan şäherindäki "San-Siro (Juzeppe Meassa)" stadionynda oýnadylar. Oýun milanlylaryň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.
79-njy minutda ýeke-täk we ýeňiş goluny Marko Arnautowiç gi...

Dowamy »

193 0
Täzelikler, 1 year ago


Toyota adamlaryň we sürüjisiz awtomobilleriň arasyndaky gapma-garşylyk barada anime çykarar

Ýaponiýanyň Toyota awtoöndürijisi kompaniýanyň awtomobillerine bagyşlanan GRIP atly bäş bölümli anime serialynyň çykyşyny anons etdi. Kompaniýa serialyň brendiň awtomobillerini ýaş auditoriýa hödürlemäge kömek etmegine bil baglaýar diýip, Variety neşiri habar berýär.
GRIP-iň sýužeti futuristik megapolisde ýaýbaňlanýar we bu ýerde Toyota-nyň...

Dowamy »

223 0
Tehnologiýa, 1 year ago


“Inter Maýami” Suaresiň karýerasynda iň soňky klub bolar

Urugwaýly hüjümçi Luis Suares Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) “Inter Maýami” klubunyň öz karýerasynda iň soňky klub boljakdygyny aýtdy. Muny RIA Nowosti ýetirýär.
“Inter Maýami” meniň iň soňky klubum bolar, maşgalamyň eýýäm habary bar. Meniň karýeramy tamamlajak wagtymyň anyk senesi ýok, ýöne bu soňky ädim. Ýadawlyk gutul...

Dowamy »

265 0
Sport, 1 year ago


Nike zenan egin-eşikleriniň önümçiligi üçin 1,5 müňden gowrak adamy işden çykarar

Sport egin-eşikleri we aýakgap brendi Nike çykdajylary azaltmak boýunça üçýyllyk meýilnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etdirýär. “The Wall Sreet Journal” neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň maksady 2 mlrd dollar tygşytlamakdan ybarat diýip, eadaily.com belleýär.
Munuň üçin Nike işgärler ştatyny 2% azaldar. Gürrüň kompaniýanyň dürli...

Dowamy »

209 0
Täzelikler, 1 year ago


Kiýewdäki Magtymguly muzeýine türkmen milli gymmatlyklary gowşuryldy

15-nji fewralda Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy dabaraly ýagdaýda kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly muzeýine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan iberilen türkmen milli medeni-mirasynyň gymmatlyklaryny we dürli dillerdäki kitaplaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar...

Dowamy »

227 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkiye teleserial satuwynda dünýäde üçünji orunda durýar

Türkiýe ABŞ-dan we Beýik Britaniýadan soň, teleseriallaryň eksportynda üçünji orunda durup, dünýä telewideniýede öňdebaryjylaryň birine öwrüldi. Parrot Analytics analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda türk teleseriallaryna ählumumy isleg, Koreýa doramalaryna bolan 73% isleg bilen deňeşdirilende, 184%, ýo...

Dowamy »

244 0
Täzelikler, 1 year ago


IOS-da ulanyjylaryň biometrik maglumatlaryny ogurlaýan troýan peýda boldy

Group-IB-iň kiberhowpsuzlyk hünärmenleri iOS üçin GoldPickaxe.iOS atly täze troýan tapdy. “Helpnetsecurity”-niň habar bermegine görä, ol bank troýanlary bilen tanalýan haker tarapyndan işlenip düzüldi.
GoldPickaxe.iOS biometrik maglumatlary (Face ID we Touch ID), şahsyýetnamalary (pasport maglumatlary, sürüjilik şahadatnamasy), SMS habarlary...

Dowamy »

234 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Samsung Galaxy S24 düýpli kamera täzelenmesini aldy

Samsung suratyň we wideonyň hilini ýokarlandyrýan hem-de täze aýratynlyklary goşýan Galaxy S24 smartfonlary üçin kamera täzelenmesini çykardy diýip, digitaltrends habar berýär.
Kompaniýa has dury, ýalpyldysyz şekilleri almaga mümkinçilik berýän ýagty yşykda surata alnyşyny gowulandyrdy. Ýakynlaşdyrma wagtynda tekst has düşnükli görnüp başla...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, 1 year ago


Elýeter bahaly Samsung Galaxy M15 çalt zarýad alýan kuwwatly batareýa we 1 TB ýada eýe bolar

Täze Samsung Galaxy M15 smartfony, özüniň käbir aýratynlyklaryny açmak bilen, sertifikat sahypalarynda peýda boldy diýip, ITHome habar berýär.
Modeliň esasy artykmaçlygy - batareýanyň uzak ömrüni üpjün edýän ullakan 6000 mAh batareýasynyň bolmagydyr. Mundan başga-da, enjam 25W çalt zarýad almagy goldaýar.
Şeýle hem, Galaxy M15-de Full...

Dowamy »

237 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Volkswagen kompaniýasy Golf modeliniň ýubileý wersiýasyny çykardy

Volkswagen kompaniýasy sekizinji nesliň täzelenen Golf modeliniň satuwyna başlady we modeliň 50 ýyllygy mynasybetli ýörite wersiýasyny hödürledi. Bu barada nemes awtoöndürijisiniň metbugat gullugyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Germaniýada Golf hetçbeginiň bahasy 27,2 müň ýewrodan başlanýar, uniwersal Variant alyja 28,3 müň ýewro düşe...

Dowamy »

227 0
Täzelikler, 1 year ago