2025-nji ýylda dünýä ummany rekord mukdarda ýylylygy özüne siňdirdi, bu hem täze temperatura rekordyna sebäp bolup, adatdan daşary howa hadysalaryny güýçlendirdi. Bu barada Advances in Atmospheric Sciences žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär. Alymlaryň maglumatlaryna görä, bug gazlarynyň zyňyndylary bilen baglanyşykly artykmaç ýylylygyň 90%-den gowragy hut ummanda ýygnanýar. Bu hem ony klimat çökgünliginiň möhüm görkezijisine öwürýär. Suwuň temperaturasynyň ýokarlanmagy harasatlary we taýfunlary güýçlendirýär, güýçli ýagyşlaryň we suw joşgunlarynyň ýygylygyny artdyrýar, dowamly deňiz ýylylyk tolkunlaryna sebäp bolýar we suwuň giňelmeginiň hasabyna deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. 2025-nji ýylda umman, esasan, Atlantik ummanynyň tropiki we günorta böleklerinde, Ýuwaş ummanyň demirgazyk böleginde we Günorta ummanda has çalt gyzdy. Şeýle-de, alymlar Demirgazyk Atlantikdäki we Ortaýer deňzindäki üýtgeşmeleri belläp geçdi: ol ýerde suw has ýyly, duzly, has turşy we kisloroda garyp bolýar. Bu hem deňiz ekoulgamlary we kenarýaka zolaklaryndaky ýaşaýyş üçin howp döredýär.