12-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitleýin we halkara meseleleriniň birnäçesine seredilip geçildi, şeýle hem öň gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde 2026-njy ýylda işleri durmuşa geçirmegiň nobatdaky ädimleri kesgitlendi. Diplomatlar şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryna degişli meseleleriň hem üstünde durup geçdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir